Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamy milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan pudaklaryň biridir. Türkmenistan uglewodorod çig mal serişdelerine baý döwletdir.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin uly tagallalary edýär. Nebitgaz toplumynda ylmyň hem-de halkara tejribäniň soňky gazananlaryny pudaga ornaşdyrmak, gazyň we nebitiň gazylyp alnyşynyň, olary gaýtadan işlemegiň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlendi. Şolaryň hatarynda topluma sanly ulgamy, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy işewürleşdirmek, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu pudaga maýa goýumlaryny çekmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna satmagyň dürli ugurlaryny kesgitlemek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek, tebigy gazy we gazhimiýa önümlerini ýerlemekde bazarlaryň köpdürlüligini gazanmak wezipeleri bar. Ýurdumyzyň çägi häzir täze uglewodorod çig mallaryny gözläp tapmagyň nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär.
Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.
Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy bolan nebitgaz senagatyny öňdebaryjy, düşewüntli pudaga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen, ýokary hilli we takyk maglumatlaryň alynmagy uglewodorod çig malynyň gözlegi we gazylyp alynmagy üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa bar bolan ätiýaçlyk gorlary, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şonuň üçin-de, bu ulgamda sanly ulgamyň artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanmagyň ýola goýulmagy, bu ugurdan sowatly, kämil hünärmenleri ýetişdirmek derwaýys wezipe hökmünde öňe çykýar.
Arslan Hallyýew
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy hünäriniň talyby