Döwletimiziň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaş derejesini mynasyp eýelemegi, Ýewraziýa yklymynda dürli ugurlar boýunça energiýa gorlaryny yzygiderli eksport etmek boýunça mümkinçiliklerini artdyrýar. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi babatda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň – Karz alyjynyň adyndan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Saud ösüş gaznasy bilen degişli Maliýeleşdiriliş ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Şeýle uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň energetika ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Bu taslama durmuşa geçirilenden soňra, gaz geçirijisi arkaly bir ýylda 33 milliard kubmetre barabar tebigy gaz akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Gaz geçirijiniň tebigy gaz üpjünçiligi bolsa, “Galkynyş” gaz käninden amala aşyrylar. Dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän iri “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginde uly möçberli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Hereket edýän gaz ýataklaryny, ozaly bilen, tebigy gazyň gory boýunça dünýäde ikinji ýerde duran “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça-da ähmiýetli işler dowam etdirilýär. “Türkmengaz” döwlet konserni Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň ýerüsti gurluşygy boýunça taslamanyň başlangyç tehniki resminamalaryny taýýarlamagyň deslapky işlerini ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşdy.

Döwletabat käninde önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesini we iň täze enjamlaryny öwrenmegiň hem-de peýdalanmagyň hasabyna, guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, möhüm çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň köp künjeklerinde geologik-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň giň gerimde geçirilmegi bilen, täze maglumatlar, netijeler alynýar. Geofiziki maglumatlara görä, ýurdumyzyň çäklerinde çökündi dag jynslary 10 müň metr çuňluga çenli, käbir künjeklerde bolsa 12 – 14 müň metr çuňluga barýança gabat gelinýär. Munuň özi nebit we gaz baradaky mümkinçilikleriň ýokary görkezijisidir. Sebäbi, şeýle uly galyňlykdaky çökündi gatlaklarda gaz toplumlaryny ýygnap biljek gaz siňdiriji kollektorlar hem-de has uly ýerler hökmünde olary aşagyndan, ýokarsyndan gysyp saklap duran geçirmeýän örtgüler bar. Ýurdumyzyň çäklerinde nebit we gaz mümkinçilikleri hökmünde Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, Garabogaz kölüniň töwereklerini, Günbatar Türkmenistan çöketligini, Köpetdagyň eteklerini (Bokurdak ýapgytlygy), Merkezi Garagumy, Murgap çöketligini, Amyderýa sebitlerini, Üňüz aňyrsyndaky Garagumy, Derýalyk-Dagdan tekiz daglygyny görkezmek bolar. Şol bir wagtda hem ýurdumyzyň çäginiň köp bölegi nebit-gaz serişdeleri babatda entek doly öwrenilmedi. Munuň özi ýurdumyzyň nebitgaz ätiýaçlyklarynyň häzirki aýdylýan, çak edilýän möçberinden ýokary bolmagyny görkezýär.

Meýlis HALLYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň E we E “A” hünäriniň 2-nji ýyl talyby.