«Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda ählihalk agaç ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyrylyp, täze bag nahallary oturdylýar, ýaş baglara ideg edilýär. Şol pursatlar baýramçylyk şowhunyna öwrülip, köp wagtlap ýadyňda galýar. Birnäçe ýyldan soň, ýaňky ýerde baglygyň dörändigini öz gözüň bilen görýärsiň. Mekdebe gelen ýaş çagalaryň oturdan nahalynyň olar uçurym bolýançalar, nähili bolup ýetişjekdigi mugallymlaryň terbiýesine, adamlaryň görüm-göreldesine baglydyr».

Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň gözel görke beslenip gelen ýazynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek dabarasy hem bütin halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu asylly ýörelge täze tokaý zolaklaryny döretmegiň, tebigata aýawly çemeleşip, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga öwürmek wezipelerini öz içine alýan bag ekmek.

Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu ýylda hem bag ekmek dabarasynyň Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe gabatlanmagy özboluşly mana eýe boldy. Dogrudan-da, tebigat bilen ynsanyň arasynda täsin sazlaşyk bar. Adam olary eken gününden başlap, oňa ideg edip başlaýar, eýeçilik gözi bilen garap, wagtynda suwarýar, ideg edýär. Ýapraklary şemalyň ugruna saz ediberende oňa guwanýar. Onuň kemala gelşi hem şoňa görä bolýar. Suw berip, esewan bolan günüň ýapraklary öwüşgin atyberýär. Şonuň üçinem, halkymyz bag ekmegi, oňa ideg etmegi parz iş hasaplaýar. Miwesi ýetişende bolsa, ony goňşy-golamdyr daş-töwerege dadyrmasa, ynjalyk tapmaýar. Ýekeje miwesinem yrýa etmeýär, oňa tebigatyň eçilen rysgaly hökmünde garaýar.

Bahar paslynda, dogrudan-da, Baharystan diýen owadan adyň eýesi bolan ýurdumyz dabaralara beslenýär. Meýdanlarda joşgunly zähmet gyzyşýar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasy ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi iňňän derwaýys we netijeli, şonuň ýaly-da, buýsandyryjy ýörelgedir. Pederlerimiz aýtmyşlaýyn esli ýyldan soň hem öz eken agaçlaryňa, onuň hasylyna guwanmakdan uly bagt ýokdur.

Gara Seýitliýewiň «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen setirlerini bilmeýänimiz az bolsa gerek. Asyl, şahyryň özem agaç nahallaryny oturtmagy, olara ideg etmegi diýseň halaýan eken. Bile tirkeşen dost-ýarlarynyň aýtmagyna görä, howlusynda bolan wagtyňda gözüň dürli agaçlarda, güllerde eglenip, gülleriň ysy burk urýan eken.

Ýyllar geçer, bu günki oturdylan agaçlar saýa salyp başlar, miwe getirer. Şonda olara seredip, bag ekmegiň juda sogapdygyna ýene bir gezek göz ýetireris.

Şatlyk MYRATGELDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň NGDSG hünäriniň 4-nji ýyl talyby.