Dünýä medeniýetiniň taryhynda Parfiýa siwilizasiýasyna aýratyn orun degişlidir. Merkezi Aşgabadyň golaýyndaky Nusaýda ýerleşip, Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr.Ony döredijiler türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň biri bolan dah-parn taýpalary bolupdyr.
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Nusaý galasy- Gadymy ady Nissa bilen bagly bolup, gadymy grek medeniýetiniň içine siňip gidýär. Parfiýa medeniýetiniň taryhy Köpetdagyň etegindäki medeniýetlerden başlap,Mesopotamiýa, Hindistana çenli uzap gidýän Kaspi deňziniň günorta-gündogaryndan tä eýran, yrak, owganstan, Türkmenistan, Pakistnyň töwerekleri bilen gurşap alýan territoriýasy esasynda biziň eýýämimizden öň 250 ýyl Selewkidler döwletiniň araçäklerinde bolan medeniýetleri öz içine alýar.
Beýik medeniýetleriň ojagy bolan Nusaýyň B.E. öň 171-138-nji ýyllarda patyşalyk eden Mitridat I tarapyndan gurdurylypdyr.Şol döwürlerde ösen medeniýetleri öz içine alýan teatr sungaty Nusaýdan tapylan ritonlarda hem-de teatr maskalarynda, şeýle-de küýzeleriň erňegine çekilen teatra degişli şekillerde bardygy subut edilmäge başlaýar.
Ilatyň düýp paýtagty parfiýalylaryň oturan ýeridir.470-ýyla golaý wagt içinde ýaşan Parfiýa medeniýeti b.e.öň 220-nji ýyllarda öz medeniýetleri bilen dünýä tanalan şalykdyr. Parfiýa şalygynyň medeniýetini hem-de onuň tutýan giňişligindäki ornuny öwrenmek üçin has irki döwürlere ýüzlenmeli bolýarys. Çünki antiki medeniýetleriň ilkinjileriniň biri hökmünde Parfiýa medeniýetiniň dünýä medeniýetlerine girmesi, bu medeniýetlerde häzirki güne çenli saklanmagy, bir- birek bilen baglanşkly medenieýtleriň içinde Assuriýa, Margiýana… we beýleki beýik medeniýetleriň bolmagy bolsa, häzirki döwürde beýik medeniýetleriň özboluşlylygyny öwrenmäge mümkinçilik döredýär.Şol döwürlerde, baryp ondan has irki döwürlerde hem teatrlaryň bolmagy, edebiýatyň bolmagy Parfiýa , grek medeniýetiniň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny tassyklaýar.
Diňe bir ykdysady ýa-da syýasy ugurlar däl, eýsem medeni babatynda hem öwrenilmäge başlan Parfiýa şalygy dünýä siwilizasiýasynyň beýik medeni hazynalarynda özboluşly ýoda çyzan beýik şalykdyr. Onuň adamzat medenieýtiniň hazynasynda goýan yzy hem görülip- eşidilmedikdir.Arsak özüni garaşsyz Parfiýanyň hökümdary diýip yglan edipdir.
Parfawnisada Arsakidler neberesiniň mülkleriniň administratiw we ykdysady merkezi gurlupdyr. Köne Nusaýda geçirilen arheologik gazuwlar mahalynda tapylan resminamalar bu galanyň adynyň Mitridatkert bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Parfiýanyň beýik döwlete öwrülmegi patyşa MitridatII döwründen başlanýar. Parfiýa şalarynyň genji-hazynalary saklanylýan gaznalary köp sanly jaýlardan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat ägirt uly dörtgyraň desga bolupdyr. Gaznalaryň jaýlary gymmatbahaly zatlardan dolan badyna olar petiklenip, özboluşly seýflere öwrülipdirler. Genji-hazynalaryň saklanylýan gaznasyndan şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparynyň ýüze çykarylmagy öz wagtynda “Asyryň tapyndysy”- diýlip atlandyryldy.
Jeýrana ŞÜKÜROWA,
Lebap welaýatynyň, Çärjew etrabynyň 25- nji orta mekdebiniň mugallymy.