Beýik filosofiýalar dünýä edebiýatynyň iň gözel eserleriniň zynjyryny düzýär. Käbir awtor ýazyjy – filosof hökmünde örän meşhurdyr, käbirleri bolsa, dünýä medeniýetine diňe filosofiýa ylmy bilen tanalýar. Hat-da Nisshe ýaly beýik awtorlaryň döredijiligine diňe filosofiýanyň çäklerindäki ýazyjy diýmek hem boljak. Edil şeýle ýazyjylardan bolan beýik Firdösi bolsa, ykbal öwrümelrini ýazyjylyga baglanyndna so esasy ýoluny beýik ruhy atalardan nusga alandyr. Onuň dünýä medeniýetinde hem –de edebiýatynda yz goýan beýik eserleriniň biri hem “Şanama”atly eseridir. Onuň döredijiliginiň agramly bölegini öz ady bilen şöhratlandyran eserler hakdynda aýdylanynda bu eseriň ölmze- ýitmezligini gazanmasy eseriň wajyplygyndna hem-de onuň gözelliginden gelip çykýar.Firdöwsi şahyryň Beýik “Şanama” eseri halk rowaýatlary taryhy sýuzetlariniyzarlaýan, hem-de häzirki zaman edebiýatyna nusga hökmünde , ýazylyş stili bilen tapawutlanýan, uly çepeçilik ussatlygy bilen beýan etýän Eýran-Täjik halk eposynyň ajaýyp nusgasydyr.

Eseriň muşdaklary bolsa, şoleseriň içindäki eser mazmuny bilen filosofik pikirleriň gözelligine uly dereje berilmegine şaýatlyk edendir.Çünki eserde ady geçýän beýik – beýik şalaryň öz ýaşan ömründe görkezen gahrymançylykly hereketleri bilen bileikde eser mazmunyny dünýä edebiýatynda ep- esli artdyrandyr.Muny türkmen alymlarynyň ürç edip öwrenmegi bolsa, bu günki günde onuň adamzat ähmiýetli işlerde ýokary dereje berilmeli gymmatlykdygyny subut etmesidir.Eserde syrly ynsan dünýäsiniň gizlin gapylaryny açmakda beýik döredijilik işidigini subut etmäge dyrjaşýan adamlaryň köplüginden hem bellidir.Eseriň şahyryň- pelsepeçiniň döredijiliginde goýan yzy hakda aýdanymyzda bolsa, ýokarda belleýşimiz ýaly, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan bellidir. “Şanama” esasysan üç bölümden ybarat bolup 1-nji bölümde 10 sany mifalogiki patşa barada gürrüň berilýär. Awtoryň beýleki eserleri bilen birlikde döredijilik tematikasyna has ýygjam ýüzlenilmegi bolsa, eseriň wajyplygyndan gelip çykýar.Elbetde bu ugurda her näme- de bolsa,eseriň bakylygyny subut edýän pikirler , ykbal öwrümlerini özboluşly filosofik nukdaýnazardan täzelemegi, eseriň bu günki gün has wajyp rol oýnaýandygyndan gelip çykmasydyr. Ynsan ýaşaýyşlarynyň beýik muhabbetinden emele gelen eserde ýokary hilli ynsan gatnaşykalrynyň gymmaty, şol gymmatlykalra bolan nazarýetiň waspy we şol waspa alymalryň berýän bahasynyň ýokarydygyndna hem bellidir. Söweş wakalarynyň beýanynyň derejeli waspy bolsa, eseriň gymmatyny artdyrýar. Firdöwsiniň döredijiligine öz täsirini ýetirip, onuň meşhurlygyny artdyran eserde döredijilik diýen jadyly gudratyň gözelligi öz beýanyny tapýar.Beýik şahyr Ferdöwüsi öz döwrüniň we özünden soňky öňde baryjy şahyrlaryň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr. Sarpaly döredijiligiň ussady biziň bu günki günlerimize çenli gelip ýeten , öz taryhymyzy öwrenmekde we dünýä medeniýetini öwrenmekde uly yz goýan Ferdöwsi şahyryň bu günki gün hem ürç edip öwrenilmesi bizi buýsandyrýar. Türkmen edebiýatynda döredijilik gatnaşyklary bilen meşhur bolan şahyrlaryň içinde iň tanymaly hem oldur. Eseriň gymmaty häzirki günlerimizde hem dolylygy bilen öwreilýär.Eseriň gymmatly taryhy hem-de özboluşly dürdänedigi hakynda gaýtalamagyň hajaty ýok. Çünki bu günki gün dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girmegi bilen özboluşly ýer alan, edebiýatda baky galan eser hakda aýtmaga zat kän.Asyrlaryň jümmüşinden gelen edebi eserleriň baky bir nokatda durmagy bolsa, eser aýratynlyklarynda , okyjylaryň söýgüsini gazanmakda ýüze çykýar.

Uzukjemal GURBANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby