Türkmenistan bilen Täjigistan Merkezi Aziýada gapma-garşylyklaýyn ýagdaýlaryň döremegine ýol bermezlik, özara düşünişmegi, hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek, köptaraplaýyn bähbitleri berjaý etmek we nazara almak babatda çykyş edýärler. Täjigistan BMG-niň hem-de GDA, ÝHHG, YHG, ŞHG ýaly 51 sany iri halkara guramalaryň işjeň agzasydyr.
Iki ýurduň hem umumy syýasy giňişlikde, halkara düzümlerde — Birleşen Milletler Guramasynda, şeýle hem iki döwletiň-de agza bolup durýan beýleki sebitleýin guramalaryň birnäçesinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändikleri bellärliklidir.
Häzirki wagtda Täjigistan dünýäniň 180 ýurdy bilen diplomatik gatnaşykary alyp barýar. Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýuldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň alyp barýan öňdengörüjilikli, paýhasly syýasatlary, döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň çözgüdine döredijilikli çemeleşmekleri netijesinde, biziň döwletimiz we halklarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda umumy abadançylyga gönükdirilen örän uly ösüşlere eýe boldular.
Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanýar. Türkmenistan bilen Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek meselelerinde tagallalary birleşdirmäge oňyn şert döredýär.
1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen, iki garaşsyz döwlet — Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklarda täze taryhy döwür başlandy. 1995-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabatda Täjigistanyň ilçihanasy açyldy. Şol bir wagtda, Duşenbe şäherinde-de Türkmenistanyň ilçihanasy hereket edýär. 2023-nji ýylyň 1-nji martyna çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýady 129 resminamany öz içine alýar.
Syýasy gatnaşyklar ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň we hökümet agzalarynyň yzygiderli ýagdaýda amala aşyrýan saparlarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşmagynyň netijesinde türkmen-täjik gatnaşyklarynyň esasy ugurlary kesgitlenilip, döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar.
Türkmen-täjik gatnaşyklary 2007-nji ýyldan soňra hil taýdan täze derejä eýe boldy. Şol ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana, dekabr aýynda bolsa Täjigistanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary boldy. Amala aşyrylan saparlaryň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar mazmun taýdan has-da baýlaşdy.
Şeýle hem 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Täjigistanyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň açylyş dabarasy boldy. 2009-njy ýylda täjik döwlet baştutanynyň Türkmenistana, 2010-njy ýylyň mart aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşenbe şäherine bolan saparlary gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly itergi berdi.
Türkmenistan hem-de Täjigistanyň ekologiýa we tebigaty goramak meselesi boýunça gatnaşyklary ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara derejede hem hyzmatdaşlyk etmek babatda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselelerini çözmek boýunça yzygiderli bilelikdäki işler alnyp barylýar. Şu babatda iki ýurduň degişli düzümlerine 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny işläp düzmek boýunça işler dowam etdirilýär.
2013-nji ýylyň mart aýynda Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistandaky Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň Prezidentleri «Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan» demirýol taslamasynyň gurluşygyna degişli üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekdiler. Bu ägirt uly taslama Aziýa sebitiniň halkara ulag ýük gatnawynyň esasy bölegine öwrüldi. Şol ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Kerki şäherinde 3 döwletiň Prezidentleriniň gatnaşmagynda demirýol taslamasynyň türkmen böleginiň düýbi tutuldy.
2014-nji ýylyň maý aýynyň 5-6-syna Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana amala aşyran sapary iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly badalga berdi. Saparyň dowamynda iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasyna, şeýle-de söwda-ykdysady, oba hojalyk, saglygy goraýyş we ylym-bilim ugurlarynda ylalaşyklara gol çekildi.

Eneş ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby