Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň okuw- iş düzgünlerini sanlaşdyrmagyň dürli ugurlary boýunça sowatly işler alnyp barylýar.Bu ugurda bilim hünärmenleriniň edýän işleri uludyr. Çünki hünäri hem bilmi sanlaşdyrmak amala aşyrylanda, ösüşleriň sakasyndaky zehinli çagalaryň açyljakdygy düşnükli zatdyr. Şol sebäpli hem sanly dünýägaraýşy bolan adamlaryň döwrebap ýaşlar bolup ýetişmeginde ýurdumyzda uly aladalar edilýär diýsek hakykatdan daş düşmeris. 2023-nji ýyl has-da döwrebap sanlaşmagyň ýyly bolmaga başlady. Bu uzak aralykdaky bitirilmeli işleriň çägini azaltmakda, ykdysady üpjünçiligiň işleri ýola goýulýar. Bu bolsa, ösüşlere barýan ýurdumyzda gelejegi nazarlaýan kämillikleriň derwezesiniň açyklygyndan habardar edýär.
Sanlaşdyrmagyň umumy mazmuny barada aýdylanynda, sanlaşdyrmak islendik babatynda hem şol bir işde ýüze çykan ösüşleriň akabasyndadyr. Adamlaryň sowat aýratynlygyny hasaba almak bilen ulanyjy hökmünde bu günki gün sanly ykdysadyýetiň islendik ugry boýunça dolandyryjylygy amala aşyryp biler we ykdysady reformanyň döwlet üçin zerurlygynyň bolşy ýaly,ol her bir maşgala üçin hem zerur şertleriň biridir.
Sanlaşdyrma bolmazdan häzriki zaman dünýäsini hat-da göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Dürli onlaýyn konferensiýalaryň hem-de onlaýyn seminarlaryň, onlaýyn medeni görnüşleriň üsti bilen hem ýaşlar dünýä çykmaga hukuk gazandylar. Munuň özi ýaşlaryň başarnyklarynyň ýokarydygyndan habar berýär. Şol sebäpli hem diňe bilim ýa beýleki ugurlar däl, ykdysady ugur boýunça hem sanlaşdyrylmagyň täzelikleri ýaşlary döwrebaplaşdyrmakda oňyn netije görkezýär.Netijede dürli ugurlar boýunça sanlaşýan dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegi hem-de şu günki gün döwrebap tehnologiýalar bilen bagly işleriň alnyp abrylmagy ösüşleri ezberleýän ýaş nesliň ugurlary sanlaşdyrmak ugrunda gelejekde köp işler etjekliklerine bolan ynamyňy artdyrýar. Haçanda adam sowatly bolan ýagdaýynda sanly ulagamyň dolandyryjylyk ukybyny özünde terbiýeleýän bolsa, diýmek şeýle usullary nazarda almak bilen maşgalada hem , ýagny döwletiň düzümini düzýän kiçijik döwletlerde hem sanly ulgamyň zerurlygy her ädimde gerekdigine düşünmek has dogrydyr.Çünki ýaşlary döwrebap işlemeklige we bilim almaklyga çykmak üçin hem ilkinji nobatda bilim dünýäsiniň sanlaşmagy has wajypdyr.Şeýle uly mmükinçilikler döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Mähri AKGAÝEWA,
Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň,
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymy.