«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar.

Bu gün­ki gün ýurdu­my­zyň or­ta, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaşla­ra dür­li bi­lim­le­ri ber­mek bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni hem öw­ret­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri ýö­ri­te me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da öw­redil­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň beýle­ki kün­jek­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laşdy­ryp öw­red­ýän or­ta mek­dep­ler he­re­ket ed­ýär. Di­ýa­ry­myz­da iň­lis, rus, fran­suz, ýa­pon dil­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len or­ta mek­dep­ler bar.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, umu­my orta bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň dil ug­run­dan okad­ýan mu­gal­lym­la­ry okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­r y­ny öw­ren­ýär­ler hem-de ola­ry mil­li tej­ribe bi­len ut­gaş­dy­r yp, tej­ri­be­le­rin­de öz­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le hem ýaş­la­rymyz dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da öz­baş­dak dil öw­ren­mek üçin döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peýda­lan­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Dil­çi alym­lar da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň baş­lan­gyç döw­rün­de gep­leşi­gi be­ýan ed­ýän ki­tap­lar­dan peý­da­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Ola­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, şeý­le ki­tap­lar­da be­ril­ýän söz­ler we söz­lem nus­ga­la­ry sözlem düz­me­giň umu­my ýö­rel­ge­le­ri­ni ýat­da sak­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ni gowu­lan­dyr­ýar. Se­bä­bi gep­le­şik ki­tap­lar­da köp ha­lat­lar­da söz­lem nus­ga­la­ry bi­rin­ji ýöň­ke­me­de be­ril­ýär, bu bol­sa dil öw­re­ni­ji­le­riň gün­de­lik dur­muşyn­da de­giş­li söz­lem­le­ri ula­nyp bil­mek­le­ri­ne we ola­ryň go­wy ýat­da sakla­ma­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin hem ta­lyp­la­ra ýö­ri­te ede­bi­ýat­lary oka­ma­gy, olar­da söz­lem dü­zü­li­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ryny öw­red­ýä­ris. Dil öw­ren­mek­de her gün tä­ze söz­le­ri öw­ren­me­gi mak­sat edin­meli, ýö­ne olar­dan bä­şi­si hök­ma­n iş­lik­ bol­ma­ly­dyr. Se­bä­bi söz­lem­ler­de iş­lik­le­riň ula­nyl­ma­gy, pi­ki­ri do­ly be­ýan et­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Söz baý­ly­g y­ňy art­dyr­mak üçin her gün tä­ze nä­ta­nyş söz­le­ri ter­ji­me edip, ola­r y ýat­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly.

Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şol nukdaýnazardan hem ylmy-jemgyýetçilik şertlerde dilleri birkemsiz öwrenmek möhümdir. Ylmyň täze gazanlary bilen aýakdaş gitmek, ylmyň derwaýys meselelerini seljermek üçin daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmek maksady bilen okuw prosesinde giňden peýdalanylýan sözlükleriň, gysgaça adalgalaryň taýýarlanylmagy hem öz gezeginde, ýaş nesilleriň özbaşdak taýýarlanmak derejelerini artdyrmaga, käbir adalgalara has içgin düşünmäge ýardam berýär. Okuw sapaklarynda häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, audio ýazgylarynyň ulanylmagy ýaşlaryň özleşdirýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär. Şeýle çemeleşme okuw sapaklaryň täsirini, özleşdirilýän derse bolan gyzyklanmany döredýär. Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmegi okuwdan daşary geçirilýän işler  bilen utgaşdyrmak  möhüm ähmiýete eýedir. Okuw sapaklary we yzygiderli geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni-köpçülik çäreleri  Gahryman Arkadagymyzyň belent yhlasyndan dörän gymmatly eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyryp geçirilýär. Bu bolsa ýaşlarda watana, zähmete  bolan  söýgini terbiýeleýär. Türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň dürli künjeklerinde bilim almagy üçin hem zerur şertleriň döredilmegi bolsa mähriban halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini jümle-jahana ýaýmaklaryna giň ýol açýar.

Şeýle bagtyýar döwrümizde abadan durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun!

Güljemal GOÇGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby