Türkmen halky öz milliligini, däp-dessurlaryny, mirasyny eşrepi deý aýap, nesilden-nesle geçirip, gözüniň göreji deý gorap bilen milletdir. Pederlerimizden teperrik bolan milli mirasymyzyň gymmatlyklarynyň adamzat medeniýetiniň ösüşine uly täsir edendigi hakyndaky hakykaty bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär. Ýurdumyzyň çägindäki «Gadymy Merw» we «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, Köne we Täze Nusaý galalarynyň dürli ýyllarda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şu ýerde «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, Nowruz baýramynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini nygtap geçsek has ýerlikli bolar.
Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň hünäri bolan keşdeçilik örän gadymy sungatdyr. Ýüzýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, sungat derejesine ýeten keşdeçilik senediniň häzirki wagtda eneden gyza geçirilip, mynasyp dowam etdirilýändigine gündelik durmuşymyzyň mysalynda şaýat bolýarys.
Keşdelere keremli türkmen sährasynyň gözelligi, gül-gülälekli adyrlaryň reňbe-reňligi, tebigatyň ajaýyplygy, gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy siňendir. Şu hakda pikir edeniňde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr» diýen ajaýyp jümle hakydaňda janlanýar.
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän ata Watanymyzyň gadymy döwürlerde ýüpekçiligiň we dokmaçylygyň ösen merkezleriniň biri bolandygy barada taryhy çeşmelerde nygtalýar. Ýüpekden dürli görnüşli dokma önümlerini taýýarlamagyň gadymy tilsimleri häzirki wagtda-da gelin-gyzlarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Keteni, sowsany, alaça, begres, göwderi ýaly dürli dokma önümlerini dünýä beren halkymyzyň dokmaçylyga goşan goşandy örän uludyr.
«Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy çeper söze, jaý gürrüňe uly sarpa goýýan halkymyzyň hoşallygyna mynasyp boldy. Ependi bilen bagly şorta sözler halk arasynda giňden ýaýrandyr. Bu şorta sözler halkymyzyň edebi mirasy hökmünde has arzylanýar. Halk döredijiligine degişli bu edebi eserler diňe bir türkmenleriň arasynda däl, eýsem külli türki dünýäsine dahyllydyr. Bu doganlyk halklaryň arasyndaky edebi hyzmatdaşlykdan alamatdyr. Gündogar halklarynda dili çeper, şahandaz, ýomakçy adamlara uly hormat goýulýar. Olar bilen baglanyşykly halkyň arasynda dörän henekler adamlaryň ýüzüne ýylgyryş çaýmak bilen birlikde, gowulygy ündeýändigi, öwüt-ündew berýändigi bilen hem gymmatlydyr.
Gülşat Gurbandurdyýewa,
Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.