Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurana günlerinde ösüş hem özgerişler halkymyza ýar bolýar. Mähriban Watanymyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi innowasion tehnologiýalaryň içgin ornaşdyrylmagyna, durmuş-ykdysady ösüş babatda uly ähmiýete eýe bolýar. Ylym ulgamyny döwlet tarapyndan goldamagyň gerimi ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly ylmy-barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek gowulanýar. Ýurdumyzda ylmy barlaglaryň, toplumlaýyn ylmy işleriň giňeldilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ylym-bilim edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär. Şeýle çäreler ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş alymlaryň we ussat hünärmenleriniň täze neslini kemala getirmek üçin ähli şertleri döredýär. Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürýär. Şunuň bilen birlikde, durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty milli bilim ulgamynyň ýokary ösüş derejesini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini öwretmek üçin daşary ýurtly hünärmenler çagyrylýar. şertidir. Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň bir tarapdan, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmäge ymtylmagy häzirki zaman umumydünýä ylmy-tehniki ösüşiniň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Diýarymyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Ata ýurdumyzyň gülläp ösmegi ilkinji nobatda ylmyň ösüşine bagly bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim goruna eýe bolup, ösen aň mümkinçiliklerini doly açmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi buýsançly kalplarda bagtyýar döwrümize bolan guwanjy has-da goşalandyrýar.

Jennet HANSÄHEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 213-nji toparynyñ talyby.