Daşarynyň howasy petiş bolsa-da, mekdepden gelýän okuwçylar gatybir howlugýana meňzemeýärdiler. Olaryň şowhunly gelişleri hiç kimiň piňine-de däl. Her kim soňky edebiýat sapagynda aýdylan gürrüňlere özüçe baha berýärdi. Diňe yzrakda galyp, çuň oýa batan Zübeýda ýolugra garynjalaryň hereketine aýratyn üns berýärdi. Garynjalar biri birleri bilen salamlaşýardylar. Hal-ahwal soraşýardylar. Zübeýdanyň göwnüne olaryň käbirleri durup gürrüňleşýärdiler. Olaryň hereketi Zübeýdanyň göz öňüne düýnki wakany janlandyrdy…

Daşardan körpe jigisiniň aglaýan sesini eşiden Zübeýda ylgap iki bökende onuň ýanyna ýetdi we ony köşeşdirmäge başlady. Aşhanadan çykan ejesi Selbinýazyň näme üçin aglaýandygyny sorady. Sojap-sojap dem alýan Selbinýaz ilerki köçede ýaşaýan Bessir bilen oýnandygyny, onuň oýnuň soňunda gahar edip saçyny çekendigini gürrüň berdi. Ejesi gyzyny köşeşdirdi-de şeýle diýdi:

-Men diýdim-ä saňa! Şolaň ýanyna baraýma, şol gyz bilen oýnama diýip…

Gykylyga daşary çykan atasy sesini çykarmady-da öz otagyna dolandy. Zübeýda hem ylgap atasynyň ýanyna gitdi. Atasy oňa gözleriniň kütelişenligi sebäpli ýygy-ýygydan Magtymgulynyň, Zelilidir, Seýdiniň goşgularyny okap bermegini haýyş ederdi. Goşgularyň köp sözlerine düşünmeýän Zübeýda atasyny soňundan soraga tutýardy. Ol häzirem atasynyň bolýan otagynyň işigini ýuwaşlyk bilen iterdi. Atasy oňa:

-Hany, köşek! Okuwdan gelen bolsaň, çaý-çöregiňi iýip, dem-dynjyňy alan bolsaň, tekjeden Akyldaryň kitabyny al-da düýnkije ýeriňden dowam ediber!-diýdi.

Ýaşuly hemişe Magtymguly Pyraga “Akyldarym ýa-da Akyldar” diýip ýüzlenerdi. Ol şahyry çyn kalbyndan söýýärdi, ony hormatlaýardy. Agtyjagynyň berýän dürli soraglaryna jogap bererdi, köplenç goşgulary ýatdan aýdardy. Ömrüniň köpüsini mugallymçylyk bilen geçiren, häzirem ýarawsyzlygy zerarly dynç alýan Töreş aga agtyjagynyň aýratyn zehininiň bardygyny duýýardy. Onuň edebiýat ylmyna bolan söýgüsini başardygyndan ösdürmäge çalşardy. Köplenç gürrüňlerini Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen bezemegi halardy. Zübeýda höwes bilen şahyryň “Bolgul” goşgusyny okady:

Bir bidöwlet bilen birge bolynçaň,

Döwletliniň gapysynda gul bolgul;

Bedasyl beg gullugynda ýörinçäň,

Asyl begiň saýasynda kül bolgul.

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,

Kelhemeç hem “Öz oglanym gözel” diýr,

Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,

Goýun kibi çar tarapa il bolgul.

Süleýman sen-mura bir gulak goýgul,

Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,

Häkim bolsaň halky gün kibi çoýgul,

Akarda suw ýa öserde ýel bolgul.

Ýaman işdir öz nebsini besleseň,

Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,

Her bazarda rowaç bolmak isleseň,

Ýagşylaryň potasynda pul bolgul.

Magtymguly bardyr demiň hesibi,

Ir,giç ýeter her bendäniň nesibi,

Kişi bolsaň, goýgul gury täsibi,

Ýagşy, ýaman barçalarga del bolgul.

Zübeýda atasynyň teswir edip bermegine garaşdy. Atasyndan ses çykmandan soň şeýle diýdi:

-Ata Süleýman bilen mur hakynda gürrüň beräýdä!

Töreş aga henizem goşgynyň täsirinden çykyp bilmeýärdi. Ol birnäçe minutlap oýa batyp otyrdy. Zübeýdanyň göwnüne atasy gözüni açyp uklaýana meňzeýärdi. Soňra ýaşuly ýuwaşlyk bilen gözüni bir nokada dikip gürrüňe başlady:

Bu goşguda şahyr döwletli adamlar bilen gatnaşyk saklamaklygyň seni üstünliklere, uly abraýa eltýän ýoldugyny maslahat berýär. Mertlik we namartlyk hakynda gürrüň berýän bu setirlerde ýaş nesilleri dogry adamlar bilen tirkeşmeklige çagyrýar. Gyzym, ýadyňda berk saklagyn, halkymyz ähli döwürlerde hem terbiýe meselesine aýratyn uly üns beripdir. Ene-ata çagasyna kiçi wagty “Pylanynyň ýanyna baraýma, Pylanynyň çagasy bilen oýnagyn” diýip tabşyrýar. Şonuňam aňyrsynda uly many bardyr. Olar şeýdip çagany ýaşlykdan betgylykly, bezzatlyk edýän çagalardan gorapdyrlar. Çünki namart, bidöwlet, bedasyl adamlar şeýle bezzat, garagol çagalardan döreýär. Ejeň Selbinýaza dogry diýdi. Tirkeşjek, gatnaşjak adamlaryňy gowy tanamalydyr gyzym…Döwletli, halkyň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny ýaşyrýan, goňy-golamlara elinden geldigiçe kömek edýän adamlar hemişe köpçüligiň sylagyna, hormatyna eýe bolupdyrlar. Olaryň köpüsi agrasdan gelen, az sözli bolupdyr. Goşgynyň ikinji bendinde ýaşlaryň ýamanlardan daşlaşyp, ýagşy, gowy niýet-pälli adamlar bilen gatnaşykda bolmagyny berk sargyt edipdir. Ol islendik adamyň öz çagasyna gowy diýýändigini, onuň erbet taraplaryny görmezliginiň mümkindigini ýazyp geçýär. Şeýle-de ol iliň gözi bilen garap, her bir adama halkyň baha berýändigini belleýär. “Kelhemeç” sözi çybyn-çirkeý manysynda bolup, olaryň hem öz çagalaryny söýýändigini aýdyp geçýär. Gargyşa galmazlygy çagyryp, gurt bilen goýny deňeşdirýär. Goýun 7 hazynanyň biri bolup, onuň eti, derisi, ýüňi hat-da dersi hem peýdalydyr. Şonuň üçin-de goýun saklan adamyň rysky, bereketi artypdyr. Goşgynyň üçünji bendinde garynjanyň Süleýman Pygamberiň ýanyna barşy barada gürrüň gidýär. Rowatda aýdylyşyna görä, Süleýman ähli ynsyň, jynsyň Pygamberi bolupdyr we bir gün adam onuň ýanyna garynjany ýamanlap: “Garynja meniň ähli ýygnan-ýygşyran zatlarymy daşap gutardy” diýip, onuň elini ogşap, aýagyna ýykylypdyr. Pygamberiň gahary gelipdir-de garynjany çagyrmaklygy buýrupdyr. Ol gelip salam berip durupdyr we onuň soragyna özüniň hiç hili adamyň zadyny almaýandygyny, diňe adamyň yrýa, zaýa eden zatlaryny çöpleýändigini aýdypdyr. Onuň öz elini ogşamandygyna gahary gelen Süleýman Pygamber eli bilen onuň bilini gysypdyr-da: “Seniň biliňi azajyk kiçeltmesek, sen dünýäni ýuwudarsyň” diýenmiş. Bu setirlerde şol rowaýat bolup, hemmä deň göz bile garamaklyk hakynda aýdylýar. Ýene-de bu ýerde häkimleriň halky deň derejede söýmegini tabşyrypdyr. Ol Günüň Ýer şarynyň ähli ýerini, belent, pes bolsun, tapawudy ýok, deň derejede çoýýandygyny mysal getiripdir. Ýaplaryň suwunyň, ösýän ýeliň adam ýaşaýşy üçin zerurlygyny berk belläp geçipdir.

Gyzym hergiz ýadyňdan çykaraýma, seniň islendik hereketiň seniň geljegiňe täsir edip biler. Tebigaty söýmegi, Watanyň her ädim ýeriniň mukaddesligine düşünmekligi özüňe borç diýip bilgin!

Zübeýda atasynyň şeýle sözlerini ýatlady-da ýene ýoluny dowam etdirdi. Şahyryň goşgularyny ýatlamaklygyň lezzetini duýdy atasynyň we ejesiniň sözleriniň manysyna düşündi. Özüniň tebigaty çäksiz söýýändigini, bu söýginiň ösmegine Akyldar şahyryň goşgusynyň täsiriň uludygyny mähir bilen ýatlady.

Batyrowa Aýna,

Türkmen oba hojalyk institutynyñ,

Gidromeliorasiýa we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň
2-nji ýyl talyby.