Diýar bilen Myrat ýakyn dost. Olar bir synpda okaýar, bile öý işlerini edýärler. Hemme işi bilelikde ýerine ýetirmäge hereket edýärler.

Bir gün iki dost mekdebiň ýanyndaky ýodajykdan gidip barýarkalar Myradyň ýerde ýatan gapjyga gözi düşdi.

Myrat:

Dostum ana ol ýerde ýatan gapjykmy?

Diýar:

Hany diýip ol görkezen tarapa seretdide derrew gapjygy eline aldy. Içini açyp pul bar eken diýdi.

Myrat:

Gowydygyny diýip begendide mylaýymlyk bilen gel dostum şu gapjygy maňa ber diýdi.

Diýar:

Bu gapjygy ýerden ilki men aldym şonuň üçin bu pul meniňki bolmaly diýip gep gaýtardy.

Myrat:

Emma ony ilki men gördüm, görmedik bolanymda almazdyň.

Diýar:

Oýlandy. Myrada puly bermese arasy bozuljak. Bolýa bu pula okuwdan soň süýji köke alyp bile iýeris diýip gepi başga tarapa sowjak boldy.

Myrat:

Maňa häzir süýjili zatlar iýmek bolanok diýip ýüzüni garaltdy.

Diýar:

Onda ony öýüňe alyp gitde jigileriňe ber.

Myrat:

Bolanok kakam bilen ejem puly nireden aldyň diýse näme jogap bererin?!

Diýar:

Onda gapjykdaky puly paýlaşaly  üçden bir bölegi saňa galanam maňa.

Myrat:

Näme üçin üçden bir bölegi maňa puly deň ikä bölmeli diýip gaharlandy.

Iki dostuň gürrüňi urşa ýazdy. Hatda ýakalaşmaga çenli bardy. Şol wagt ene dili mugallymy Maýsa geldi. Ikisinden urşuň sebäbini sorady. Diýar derrew dostuny ýamanlamakçy boldy ýöne ýene dymdy. Ahyry mugallyma urşuň sebäbini aýdyp bermäge mejbur boldular. Maýsa mugallym olaryň elinden gapjygy alyp:

Nireden näme tapyp alsaňyz derrew eýesine ýetirmäge hereket ediň diýdi. Bu gapjygy bolsa mekdepden tapanyňyz üçin synp ýolbaşçyňyza  ýa-da mekdep müdirine bermeli. Unutmaň biriniň  zady hiç haçan özgä buýrmaýar.

    Maýsa mugallym mugallymlardan we okuwçylardan gapjygyň eýesini sorap başlady. Köp wagt geçmän okuwçylardan biri matematika mugallym Şeker okuwçylardan gapjyk tapmadyňyzmy diýip soraýandygyny aýtdy.  Soňra Maýsa mugallym Şeker mugallyma gapjygy gowşuryp, gapjygyňyzy 6-njy synp okuwçylary   Hekimow bilen Amanow tapypdyr. Maňa getirip berdiler menem size diýip sözüni jemledi.

 Soň Myradyň we Diýaryň synpyna matematika mugallymy girip geldi-de: size köp sagbolsun aýdýaryn, sizi halal, ynsaply edip terbiýelän ata-eneňize hem sagbolsun aýdýaryn! Özgäniň zadyna hyýanat etmeýän mert çagalar ekeniňiz diýip olara ýene bir gezek sagbolsun aýtdy.

 Myrat bilen Diýar hem sagboluň diýişdiler we bir-birine utançly seredip goýdular.

 Bu wakanyň olar üçin hemişe sapak boljakdygy anyk elbetde!

           Oguljeren POTYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.