Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz ykdysadyýetiň ösen depginleri bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň  ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, şonuň bilen birlikde, ylym-bilimde amala aşyrylýan düýpli täzelenişlere, uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalara täze badalgalar berilýär.

Halk hojalygynda ýüze çykýan dürli meseleleri ýokary takyklykda çalt çözmeklik häzirki zaman kompýuterlerini doly derejede we döredijilikli ulanyp bilýän hünärmenlere gönüden-göni baglydyr. Häzirki döwürde okatmagyň we öwretmegiň kämil hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanylýar. Olar esasan, kompýuterler, Internet we telekommunikasiýalar  bilen jebis baglanşyklydyr. Komýuterler bilen baglanşykly okatmagyň we öwretmegiň häzirki zaman kämil tehnologiýalaryna multimediýany, interaktiw serişdelerini, distansion öwretme tehnologiýasyny we başgalary görkezmek bolar.

Informasion we  aragatnaşyk tehnologiýalary netijeli peýdalanmak ulanyjylar tarapyndan olary düýpli özleşdirmegine we hünär derejelerini yzygiderli kämilleşdirmegine baglydyr.

Kümüş KAKAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,

Oba hojalygyñ ykdysadyýeti hünäriniñ 4-nji ýyl  talyby.