Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň batly gadamlaryny nazarlaýan Türkmenistan döwletimiz barha ösýär, at-abraýy has-da arşa galýar. Berkararlygyň binadynda mähriban halkymyz abadan durmuşyň gujagynda bagtly ýaşaýar. Milli ykdysadyýetiň ugurlaryna has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy, pudaklaryň, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy, senagat pudaklarynyň depginli ösdürilmegi Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda kemal tapýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ulgamynda hem giň gerimli işlere badalga berilýär, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, öňdebaryjy halkara tejribesi içgin öwrenilýär, täze ugurlarda hünärmenler taýýarlamak üçin abraýly guramalar, okuw merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine uly üns bermeginiň özeninde hem ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, abadan hem-de bagtyýar durmuşy babatdaky aladalar bar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” geljek ýyllarda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatdaky wajyp meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär, daýhanlar, ýer eýeleri, mülkdarlar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar we beýleki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Oba hojalygyny ösdürmekde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çärelere uly orun degişlidir. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilýär. Pudakda alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmak hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmak wajyp wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen işleri geçirmek, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerurdyr. Şeýle tutumly başlangyçlar, beýik işler ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, halkymyzy bagtyýarlyga beslemäge ýol açýar.

Şanur Şyhyýew,

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ekinlerinin seçgisi we tohumçylygy húnárinin 1- nji ýyl talyby.