Bu mukaddes Watanyň goýnunda bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň agzybir, asuda, erkin
ýaşaýşy berkarar bolup, at-abraýy, şan-şöhraty dünýä ýaýyldy. Watana bolan
guwanç türkmeniň ýüregindäki esasy duýgularynyň biridir. Türkmen Watanyny
başynyň täjine deňeýär, ony ähli gymmatlyklaryň seresi hasaplaýar. Watan
duýgusy, Watana bolan mukaddes söýgi bize pederlerimizden miras galypdyr.
Watansöýüjilik esasy äheň görnüşinde Magtymguly Pyragynyň tutuş döredi-
jiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryň watançylyk lirikasyna dostluk,
agzybirlik, birleşmek, batyrlyk, gahrymançylyk hakyndaky goşgulary hem girýär.
Ol hemişe Watan hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşaýar. Watansyz, il-günsiz
ýaşaýyş asla onuň ýadyna oýuna-da düşmeýär. Ine, şonuň üçin hem akyldar
«Gözel ilim, sen diýip sökerem ýollar», «Saba turup, Watan, seni çaglar men»,
«Pyragy, Watan diýip gan döker gözüm», «Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy» diýen
sözleri ýygy-ýygydan gaýtalaýar. Watana bolan çäksiz söýgi, uly guwanç
Magtymgulynyň poeziýasynda belent owaz bilen ýaňlanýar. Şeýle gyzgyn mähir
bilen hem ol il-ýurdunyň abadançylygyny, asudalygyny, bagtly, gözel durmuşda
ýaşamagyny, ähli işleriniň rowaçlanmagyny arzuw edipdir. Özüniň mukaddes
topragynda kemal tapandygyny guwanç bilen belleýän şahyr «Türkmen binasy»
atly goşgusynda:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkin mydam, budur ki türkmen binasy
– diýip, öz Watanynyň dünýe dursa durjakdygyny örän uly ynam bilen belleýär. Bu
ajaýyp setirler, bir tarapdan, Watan mukaddesliginiň synmaz ynamyna ýugrulan
bolsa, beýleki bir tarapdan bolsa Orhan ýagzylarynda Bilge hanyň daşa ýazdyran
ýazgysynda «Türkmen – oguz begleri, halk eşidiň! Üstüňden asman basmasa,
aşakda ýer dilinmese, türkmen halky, iliňi-ýurduňy, töräni kim bozup biler» diýen
setirleriň şygra siňip, dünýä dabaralanmasy bolup durýar. Külli türkmen halkynyň
köňül kelamyna öwrülen «Türkmeniň» atly goşgusynda öz ýurdunyň tebigatyny
synçy nazary bilen:
Jeýhun bile bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň
-diýip taryplaýan akyldar şahyryň arzuwy şu günlerden kemal tapan bir döwlete,
bir başa gulluk etmegi öňdengörüjilik bilen öz şygyrlarynda ussatlyk bilen dile
getirýär.
Magtymguly Pyragy bir saçakdan çörek iýmegi, duz-emek bolmagy birek-
birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Eger ähli halk «bir
agza garasa» uly güýjüň emele geljekdigine, onuň öňünde hiç bir zadyň durup
bilmejekdigine şahyr «Döker bolduk ýaşymyz» atly şygrynda şeýle beýan edýär:
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Bagtyny alyslardan däl-de, öz dogduk depesinden, öz illeriniň durmuşyna
dahyllylykdan gözlän Magtymguly Pyragy bu mukaddeslikleriň gadyryna ýetmek
barada köňlünden syzdyryp çykan şygyrylarda juda jaýdar belleýär. Aslynda,
islendik goşgularyň diýen ýaly pelsepewi garaýşynda öz Watanyňy söýmek, duz
iýen topragyňa wepaly bolup, ony gözüň göreji deý gorap saklamak, iliň-günüň
bilen bir jan-ten bolmak ýaly pikirleriň eriş-argaç bolup geçmegi ony halkyň
ýüreginde ýaşadan hakykatyň özüdir. Sebäbi adamzat islendik döwürde hem özüne
dogry ýörelgeleri goýup bilen paýhasy, öz bähbiden iliniň bähbidini ýokary
göteren ykbaly depesine göterip, başyna täç eýleýändir. «Sözüm ýerde galmaz
diýdigim geler» diýip, dünýäniň barça umydyny kalbynda jemläp, eline döwedini
alan Magtymguly Pyragy nusgalyk şygyrlary bilen beýik mertebä göterilmegi
başaran ussat şahyrdyr.
Goçmyradowa Oguldurdy.