Diýarymyzda ähli ugurlarda ägirt uly öňegidişlikler gazanylýar. Geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde günsaýyn öňe ilerleýän şeýle pudaklaryň biri-de bilim ulgamydyr. Bilşimiz ýaly kuwwatly döwleti gurjak we dolandyrjak kämil hünärmenleri taýýarlamak işi ozaly bilen ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakdan, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmakdan başlanýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bu günki günde ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda dünýä tehologiýasynyň iň soňky gazananlarynyň, bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribeleriniň ornaşdyrylmagy geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly şahsyýetler, ählitaraplaýyn taýýar hünärmenler bolup ýetişmeginde örän ähmiýetlidir. Bilşimiz ýaly häzirki wagtda bilim ulgamyny dünýä bilen aýakdaş alyp gitmekde esasy wezipeleriň biri okuw merkezlerine sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak bolup durýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi bolsa milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň iň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamyny ösdürmek, ony yzygiderli kämilleşdirmek üçin edilýän uly tagallalardan nyşandyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda derwaýys hukuk resminamasy bolan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy barada gysgaça durup geçsek, ol girişden we dokuz bölümden ybarat bolup, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle-de, bu Konsepsiýanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanylandygyny bellemelidiris.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň ýaşlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny gazanmak, ýagny olaryň häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşy baradaky taýýarlygyny kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýurdumyzda soňky birnäçe ýylyň dowamynda uly öňegidişlikler gazanyldy. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary internet we multimedia serişdeleri bilen üpjün edilen döwrebap desgalarda billim alýarlar. Her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi bolsa ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyna döwlet Baştutanymyz tarapyndan berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler uly depginlerde dowam etdirilýär. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Bularyň ählisi bolsa dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna sary ynamly gadam urýan Türkmenistanyň bilim ulgamynda hem döwrüň derwaýyslyklaryndan ugur alýan täze özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Allanurow Döwletgeldi,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,

 Gidromeliorasiya we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby