Ynsanyň durmuşy daşky gurşaw, tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykdadyr. Ekologiýa soňky birnäçe onýyllygyň dowamynda adamzat jemgyýetinde iň ileri tutulýan meseleleriň uly bölegini özünde jemleýän hem-de ýygy-ýygydan ýüzlenilýän ugra öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamalary işjeň hereket edýär. Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigat we onuň baýlyklaryny aýawly saklamak barada ilatyň düşünjesini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramagyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler üstünlikli amala aşyryldy.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak ulgamy boýunça kanunçylyk binýady halkara kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balykçylyk we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Öri meýdanlary hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.
Ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda ýaşyl ösümlikler aýratyn ähmiýetli hasaplanýar. Sebäbi gür baglyklar, dürli ösümlikler howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, onuň düzümini arassalaýar, munuň özi, adamyň saglygyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, her ýyl ýurdumyzda agaç nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy asylly däbe öwrüldi. Olar ýurdumyzyň obadyr şäherlerine görk bermek bilen birlikde, ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga möhüm täsir edýär.
Her bir ynsanyň saglygy onuň baýlygydyr. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň bu baýlyga eýe bolmagy üçin, ilatyň saglyk ýagdaýynyň düýpgöter gowulandyrylmagy üçin uly aladalar edýär, döwrebap enjamlaşdyrylan saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar, sport mekdepleri we stadionlar gurlup ulanylmaga berilýär. Ilatyň jan saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine yhlasly zähmet çekmäge uly itergi berýär. Munuň şeýledigini halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagynda, ynsan saglygy baradaky taýsyz tagallalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygynda aýdyň görünýär.
Dädebaý HOJABAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.