Oba hojalygynda gymmatly ekinleriň biri hasaplanylýan soýa dürli maksatlar üçin giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda soýa ekilýän ýerleriň möçberi has hem artýar. Bu ugurda soýany ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy doly üpjün edilip, bol hasyl ýygnalýar. Soýany ekin dolanyşygynda güýzlük dänelilerden, mekgejöwenden soň ikinji ýyl ýerleşdirmek amatly bolýar. Soýa kösükli ekin hökmünde ýazlyk däneliler, şaly, süle ýaly ekinler üçin peýdaly ekin öňi bolup hyzmat edýär. Topragy hem-de tohumlary ekişe taýýarlamakdan, mineral dökünleri döküp, gerekli çuňlukda güýz sürümini geçirmekden, tekizlemekden, zerur ýerinde ýuwuş suwuny tutmakdan we beýleki agrotehniki çärelerden ybarat bolýar. Ýapgydyrak ýerlerde ekişiň öň ýanynda joýalar çekilýär. Ekişiň kadaly möhleti topragyň 5-6 sm çuňlugynda, ýylylyk 12-14 derejä ýetende amatly bolýar. Tohumlar ekişden öň awuly himikatlar bilen dermanlanylýar. Ekiş çuňlugy 4-5 sm bolup, ösümlikler gögerip, hatarlar emele gelip başlanda, bejergi işleri geçirilip başlanýar. Soýa yzgarlylygy köp talap edýän ekin bolanlygy sebäpli, topragyň çyglylygynyň iň aşaky derejesi 70-80% bolmalydyr. Ilkinji ösüş suwy gögerişden soň 20-25 günden soň tutulýar. Her gezek tutulýan suwuň gektarlyk möçberi 600-800 m³ bolmalydyr. Soýa mineral iýmit maddalaryna talapkär ösümlikdir. Iýmit maddalaryna islegi irki ösüş döwürlerinde has güýçli bolýar, şol sebäpli gämikler peýda bolandan soň 20-25 günüň dowamynda degişli möçberde azot we fosfor dökünleri dökülýär. Soýa gögeriş döwründen tä gülleýänçä ýokumly maddalary ýeterlik mukdarda özleşdirýär. Toprakda iýmit maddalarynyň azlyk etmegi geljekki hasyly peseldýär. Gülleme döwründe eýýäm ýokumly maddalaryň peýdalanylyşy köpelýär. Şeýle-de bar bolan haşal otlardan arassalamak çäreleri hem berjaý edilip, oňa garşy himiki serişdeler peýdalanylýar.
Soýa ekilende onuň tohumlaryny bakterial dökün bilen işlemeklik hem örän ähmiýetlidir. Beýleki kösükli ekinlerinde hem bolşy ýaly, soýanyň kökünde hem azot toplaýjy bedenjikler ýaşap, olar topragy azot bilen baýlaşdyrýar. Netijede soýa ekini diňe bir önümliligi bilen peýdaly bolman, ol topragy ýokumly maddalar bilen üpjün edýänligi bilen hem ähmiýetlidir.
Indira NURUMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 5-nji ýyl talyby.