2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owaganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň hem-de Galkynyş gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdaky desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň “Biziň ýurdumyz ösüş strategiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen yzygiderli amala aşyrýar. Netijede, biz soňky ýyllarda öz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlarda birnäçe iri turba geçirijileri gurmak boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdik” diýen sözleri ýurdumyzda turba geçirijileri gurmak, tebigy gazy daşary ýurda goýbermek wezipesine diýseň jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär.

“Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre barabar bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri bolsa, Päkistanyň çäginden geçip, ol Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna ýetiriler. Gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaza deň bolar.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly ençeme başlangyçlary öňe sürdi. Biziň ýurdumyz hem, ählumumy energetika strategiýasynyň ähli meseleleri boýunça aç-açanlyga eýerip, bu ugurdaky borçlaryna ygrarly ýurtdugyny ençeme gezek subut etdi. Halkara energetika giňişliginde özüniň mynasyp ornuny eýeleýän bu gaz geçirijisi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem syýasy taýdan hem bähbitleriň utgaşýan ýeridir. Şonuň üçin taslama gatnaşýan ýurtlar tarapyndan bu taslama aýratyn uly gyzyklanma bildirilmegi öz-özünden düşnüklidir.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan goňşy döwlet bolan Owganystan bilen şeýle-hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berer diýip belläp geçdi. Döwlet baştutanymyz mysal hökmünde gurlup ulnylmaga berlen Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan magistralynyň bölegi bolan Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýoluny getirdi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha giň gerime eýe bolýar. Doganlyk ýurda eksport edilýän elektrik energiýasynyň mukdarlaryny köpeltmek maksady bilen hem meýilnamalaýyn esasda elektrik geçirijileri, stansiýalary gurulýar. Şolardan ýene biriniň ýagny, kuwwatlylygy 500 kWt bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçirijisiniň çekilmegi, gaz geçirijisiniň ugry boýunça desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga, şeýle hem ony Owganystanyň üsti bilen Päkistana we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport etmäge uly mümkinçilik berýär.

Energetika pudagynda däp bolan strategiki hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny saklamak bilen bir hatarda, TürkmenistanÝewropa, Aziýa, Uzak Gündogar hem-de Günorta-Gündogar ugurlarynda göni energiýa gatnaşyklaryny örän giňeltdi, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, dünýäniň abraýly maliýe guramalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýdy. Birnäçe iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan-Hytaý transmilli turbageçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygy şolaryň netijeleri bolup durýar. Bu geçirijileriň ulanmaga tabşyrylmagy Ýewraziýa yklymynda täze ýangyç energetika düzüminiň kemala gelmegini alamatlandyrdy.

Türkmenistanyň uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna ygtybarly goýberilmegi aýratyn möhüm şert hökmünde garalýar, şoňa göräde, “Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan” halkara gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary bar. Türkmenistan nebitiň we gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işleýän, energiýa serişdeleriniň daşarky bazarlara goýberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki wagtda türkmen tebigy gazy Ýewraziýanyň dürli döwletlerine goýberilýär. Gündogar Türkmenistandaky, Amyderýanyň kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki sebitlerdäki täze, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklary güýçli depginler bilen özleşdirilýär. Şeýle hem, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bilidirilýän nebit we himiýa önümlerini öndürýän innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu bolsa, ykdysady taýdan özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Bu gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň işlerini “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri amala aşyrýarlar. Bu konsernler ýurdumyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy üstünlikli amala aşyryp, bu ugurda tejribe toplan konsernler hasaplanlylýar. Gurluşyk işlerinde dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň öndüren döwrebap tehnikalary işledilýär, häzirki zaman ösen tehnologiýalarynyň işe ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa edilýän işleriň tiz hem ýokary hilli bitirilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär.

Gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda has-da netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ykdysady taýdan bähbitli bolýar, ýeke-täk ykdysady ulgamy kemala getirýär, energiýa bolan sarp edijiligiň kanagatlandyrylmagyny hem-de ençeme nesiller üçin bagtyýar durmuşy üpjün eder.

Atabeg ÝOLDAŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.