Keý Kowus özüniň «Kowusnama» kitabynda adamyň gündelik gün tertibi 3 topara bölünýär, ýagny gije‑gündiziň 24 sagadynyň 8 sagadyny işlemek, 8 sagadyny hojalyk işlerine, dürli harajatlara, 8 sagadyny bolsa uklap, dynç almaga sarp edilmeli. Adam her günde ortaça 8 sagat ýatmalydyr. Eger sagdyn adam 3 gije-gündiz, ýagny 72 sagat uklamasa, onuň heläk bolmagy mümkindir. Wagtynda ýatyp, wagtynda turmagy endik edinmeli. Ata-babalarymyz Gün dogýança ýatmagy halamandyrlar. Häzirki giň ýaýran süýji keseli, infarkt, gan basyşynyň ýokary bolmagy, esasan, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmeýänliginden hasap edilýär. Wagtly-wagtynda iýip-içmek, iýmitleri seljermek, esasan, gök önümleri köpräk peýdalanmak bilen, biz öz saglygymyzy gorap bileris. Bir adam içiniň towlap, erbet agyrýanlygyndan zeýrenip, lukmanyň ýanyna barypdyr. Lukman onuň iýip-içen zatlaryny anyklansoň, onuň gözüne derman damdyrmakçy bolupdyr. Näsag gatyrganyp, gözüniň däl-de, içiniň agyrýandygyny lukmana ýatladypdyr. Lukman oňa: «Ilki bilen seniň gözüňi bejermeli.
Heý, akyly ýerinde bolan adam şol zatlary iýermi? Iýýän zatlaryňa siňe seredip, saýgaryp iýjek bolmaly» diýipdir.
Internet maglumatlaryna görä, 2 sagadyň dowamyndaky uky iň peýdaly ukudyr. Eger, siz agşam sagat 22-den 24-e çenli aralykda ukyňyzy gowy alyp bilseňiz, ir sagat 5-de ukudan arkaýyn oýanyp bilersiňiz. Siziň köpüňizde ir turmak nämä gerek, islän wagtyň uklanyň, islän wagtyň turanyň iň uly bagt diýmegiňiz mümkin. Şeýle pikir edýänlere ir tutmagyň näme üçin zerurdygyny düşündirmek isleýärin.
Ir turmagyň 4 sany peýdasy:
1. Saglyga peýdaly
2. Wagtyňyzy netijeli peýdalanmagyňyza
3. Arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyna
4. Ertire iş goýmazlyk
Käbir adamlar “Internet erkinlik älemi” diýen pikire uýýar, emma erkinlik bilen eden-etdiligiň düýbünden tapawutly zatdygyna gabak galdyrmaýar. Sagdyn paýhasa uýup, özüniň ähli duýgularyna, höweslerine, matlaplaryna erk edip bilýän adama erkin diýilýär. Ýaramaz haý-höwesleriň, bozuk nebsiniň ýesiri bolup, edebe sygmaýan sözleri, suratlary, wideoşekilleri alýan we ugradýan, ýaýradýan adamlar bolsa boýunda zynjyry, golunda gandaly bolmasa-da guldur.
Interneti ulanmagyň hem edebi bar. Edil adaty durmuşda bolşy ýaly ol ýerde hem düzgüniň çäginde hereket etmek gerek. Häsiýet endige öwrülse, soň ähli ýerde-de edil şonuň ýaly hereket edesiň gelýär durýar. Şonuň üçin bu üýtgeşik älemiň bosagasyndan ätläniňde maksayň aýdyň, matlabyň päkize, niýetiň arassa bolmaly. Internete girilende hem öňüňde anyk maksadyň bolmagy wagtyňy peýdaly sarp etmeklige itergi berýär. Özüňe gerekli maglumatlary alanyňdan ýa-da zerur adamlar bilen habarlaşanyňdan soňra, arassa howada gezim etmek internetde oturanyňdan örän ähmiýetli. Peýdaly ylmy maglumatlary, bilimleri almak, deň -duşlarymyzy Interneti peýdaly taraplaryndan ulanmaga höweslendirmek, ýürekdeş dostlugy, bir-birege ynamy oýarmaklyk, maglumatlary alyp berlende birek-birege ygtybarlylygy saklamak, ýurdumyzyň, halkymyzyň, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin, ýurt asudalygynyň, ahlak arassalygynyň dowamat-dowam saklanmagy üçin internetiň üsti bilen gowy maglumatlary paýlaşmak, jemgyýetimizi ähli ugurlarynda has gowulyga tarap özgertmäge çalyşmak sogaby bihasap amallardyr. Internet sahypalarynda bir-biregi asylly işlere, dost- doganlyk gatnaşyklarynyň jebisleşmegine, Watansöýüjilige ruhlandyrýan edebi-çeper ýazgylary, pikirleri paýlaşmak, gör, nähili ajaýyp.