Ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolan ata Watanymyzyň nebitgaz senagaty barada söhbet açylanda, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada gürrüň etmezlik mümkin däl. Mälim bolşy ýaly, bu zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu ýerde özara baglanyşykly tehnologik enjamlary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýän täze, ýokary önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Geljekde zawodlar toplumynda sintetik ýaglaryň täze görnüşleriniň önümçiligini guramak maksady bilen, binýatlyk ýaglaryň bar bolan önümçiligini kämilleşdirmek, saýlanyp alynýan katalitik izodeparafinizasiýa prosesini ornaşdyrmak, haýal kokslaýjy enjamy we gudrony asfaltdan arassalaýjy blogy öz içine alýan toplumy ulanmaga bermek maksat edinilýär. Dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalamak boýunça enjamlaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň galyndylarynyň katalitik krekingi enjamlar toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu desgalaryň işe girizilmegi çig nebiti ýokary hilli nebit önümlerine gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmakda we degişlilikde olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga şertleri döreder.
Belläp geçsek, dünýädäki iri, gury ýerde ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalaryň biridir. «Mitsubishi Corparation» ýapon kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän zawodyň deslapky tehniki taslamasyny düzmek işini ýerine ýetirmek barada ylalaşyga gol çekildi. Mundan ozal bu gaz käninde umumy kuwwatlylygy «mawy ýangyjyň» 30 milliard kub metrine barabar bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň 3-si ulanylmaga berildi. Şu ýerde Türkmenistanda nebitiň, gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň köp babatda ýataklaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň, olary işläp geçmegiň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýändigini nygtamalydyrys.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uludyr. Bilermenler şolaryň gorlarynyň nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonna, şeýle hem tebigy gazyň 6,1 trillion kub metre barabardygyny çaklaýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işleri amala aşyrylýar. Netijede, Hazaryň ýalpaklygynda ýerleşýän guýularyň ýene-de dördüsiniň gurluşygy amala aşyrylýar. Şolary burawlamagyň nokatlary goşmaça 3D seýsmiki-gözleg barlaglarynyň netijesinde seçilip alyndy. Aýratyn bellemeli zat, Türkmenistanyň tutuş nebitgaz toplumyny sanly ulgama geçirmek ýaly şeýle innowasion çözgüdi ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Gülşirin HOJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.