Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy.Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragyna goýýan sarpasyna esaslanyp,”2024-nji ýyly “Änew şäheri- türki halklarynyň medeni merkezi”diýip,yglan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem-de ony ýaş nesillerimize miras goýmak babatynda edilen işleriň naýbaşysydyr.“Günbatarda irki zamanlarda “Ähli ýollar Rime eltýärler” diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly,orta asyr Gündogarynda hem “Ähli ýollar Merwe eltýärler diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl” Gurbanguly BerdimuhammedowTürkmenistanyň Prezidenti.“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” “Zeminiň buýsanjy”adyny alan Goňurdepe otparazlygyň mekany bolup,ol iň gadymy siwilizasiýalar bolan Assuriýa we Wawuilion,Mesepotamiýa medeniýetleri bilen bäsleşige girip bilen gadymy adamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýä özüni ykrar etdirdi.Aňňat- aňňat gum depeleriniň üsti bilen uzak günorta ýa- da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler,şeýle- de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler.
Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Şol sebäpli- de uzak- uzak kerwen ýollary gum aňňatlarnyň üsti bilen gidilende, ýagny söwda- satyk hem- de beýleki ugurlar bilen edilen gatnaşyklarda esasy ýol üçin suwlar göz öňüne tutulypdyr.Muny tassyklaýan subutnamalar: Adamzat gymmatlyklarynda ýer alan iň iri zerurlygyň suw bolmagy elbetde medeniýetleriň hem bir ara gelmegine öz täsirini ýetiripdir. Suwuň gyrasyna dürli halklar, dürli medeniýetler, dürli ýaşaýyş şertlerine kybapdaş halklar ýerleşipdir. Müňýyllyklaryň dowamynda bolsa, şol ýerde wagtyň geçmegi bilen assimirlenip, täze bir siwilizasiýany, täze bir medeniýeti emele getiripdirler.Ilkinji nobatda Mesopotamiýa iň iri suw kenarynda – ýagny iki derýanyň Tigr hem- de Ýewfrat derýalarynyň boýunda ýerleşmek bilen, suw gurluşygynyň iň iri ösen döwürlerini öz içine alýan Goňur şalygynyna kybapdaşdyr.Ol ýerde şumerler ýaşapdyrlar. Ikinjiden hem beýik siwilizasiýalaryň bir- biri bilen çakdanaşa ýygjam gatnaşyklarynyň bolandygyny gürrüňimiziň dowamynda Goňurdepeden tapylan Mesopotamiýa degişli bolan möhürleriň we beýleki tapyndylaryň mysallarynda hem düşündirmek
Elbetde gadymy siwilizasiýalaryň, adamzat taryhy gatnaşyklarynyň bir- birek bilen özara baglanyşygynyň bolandygyny subut edýän tapyndylar esasy tapyndylar hem- de şol döwürde wajyp hasap- hesip ylmyny,ykdysadyýeti hem- de medeniýeti gülleden dostluklaryň bolandygyny hem subut edýän çaklamalar Taryhçy alymlar tarapyndan subut edildi.Sebabi biz bu nagyşlaryň meňzeşligini beýleki siwilizasiýa merkezlerinden tapylan tapyndylarda hem görýäris.
Suw adamlaryň durmuşynda iň esasy zatlaryň biri bolup,adamlar küýzeleredir, gap- gaçlara onuň şekilini geçiripdirler.
Mesopotamiýa, Elem, Wawilioniýa, Merw,Goňurdepe, Altyndepe, Aşgabadyň paýtagtynda ýerleşýän Akdepeden tapylan tapyndylaryň içinde hem Mesopotamiýadan tapylan tapyndylardaky nagyşlaryň meňzeşligini subut edýän nyşanlardyr, şekiller sungatyň hem- de edebiýatyň, medeniýetleriň arabaglanyşygyň, taryhy nukdaýnazardan medeniýetler babatynda bir- birege meňzeşligimizi we özara medeni we dostlukly gatnaşyklarymyzyň bolandygyny subut edýär.
Mahym Gurbanowa
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 4-nji ýyl talyby