1957-nji ýylda SSSR tarapyndan ilkinji Ýeriň emeli sputnigi göýberildi. Bu bolsa ABŞ-nyň Goranmak ministri tarapyndan şeýle netijä gelindi, ýagny uruş bolaýan ýagdaýynda Amerika informasiýany ibermegiň ygtybarly ulgamynyň gereklidigine. ABŞ-nyň öňde baryjy derňew taslamalarynyň agenstwasy (ARPA – Advanced Research Projects Agency) munuň üçin kompýuter toruny işläp taýýarlamaklygy hödürledi. Bu tory işläp taýýarlamaklyk: Los- Anželesdäki Kaliforniýa uniwersitetine, Stenfordyň derňew merkezine, Ýuta ştatynyň uniwersitetine we Santa – Barbaradaky Kaliforniýa ştatynyň uniwersitetine tabşyrylypdy. Kompýuter toruna

ARPANET at berildi (iňlis. Advanced Research Projects Agency Network). 1969-njy ýylda tor ýokarda agzalan ylmy edaralaryň dördüsini birleşdirýärdi. Ähli çykdajylary ABŞ-nyň goranmak ministri töleýärdi. Soňra ARPANET tory tiz depginlerde ösüp we giňäp başlady, ony ylmy ähli pudaklaryny degişli bolan alymlar ulanyp başladylar.

ARPANET-iň ilkinji serweri Los – Anželesdäki Kaliforniýa uniwersitetinde 1969-njy ýylyň 1 Ruhnama aýynda gurnaldy. «Honeywell 516» kompýuteriniň 12KB operatiw huşy bardy.

1971-nji ýylda tor arkaly elektron poçtany ugradar ýaly ilkinji programma işläp taýýarlanypdy.

1972-nji ýylda ARPANET 23 sany kompýuter birleşdirýädi.

1973-nji ýylda tranatlantiki telefon kabeli arkaly ilkinji daşary ýurt edaralary çatylypdy: Anglaiýdan we Norwegiýadan. Tor halkara boldy.

1970-nji ýylda tor esasan hem elektron poçtany ugratmak üçin ulanylýardy, şol döwürde hem ilkinji poçta hatlarynyň sanawy, täzelikler toparlary we bildirişler tagtalary döräpdi. 1970-nji ýylda maglumatlary ibermegiň protokollary giňden ösüp başladylar. 1983-nji ýylda ARPANET tory NCP (NetWare Core Protocol) protokolundan TCP/IP protokoluna geçipdi. Bu protokol henize çenli ulanylýar. 1983-nji ýylda ARPANET toruny “Internet” diýip atlandyrdylar.

1984-nji ýylda domen atlarynyň ulgamy işläp taýýarlanyldy (англ. Domain Name System, DNS).

1984-nji ýylda ARPANET-iň garşydaşy döredi – Amerikanyň milli fondy (NSF) giňişleýin uniwersitetler aralygyndaky toruny döreti – NSFNet (англ. National Science Foundation Network). Ol has kiçi torlardan düzülendi we onuň geçirijilik ukyby has ýokarydy ARPANET-e garanyňda. Bu tora ýylyň dowamynda 10 müň sany kompýuter çatylypdy. Internet ady ýuwaş-ýuwaşdan NSFNet –e geçip başlady.

1988-nji ýylda Internet Relay Chat (IRC) protokoly döredildi. Onuň kömegi bilen Internet arkaly hakyky wagtda gürleşmek mümkin boldy.

1989-njy ýylda Ýader derňewleri boýunça Ýewropanyň maslahatynda (фр. Conseil Européen pour la Recherche Nucléaire, CERN) “Bütün dünýä kerebi” konsepsiýasy döredi. Ony meşhur britan alymy Tim-Berners-Li hödürläpdi, ol hem iki ýylyň dowamynda HTTP protokoluny, HTML dilini we URL identifikatory işläp taýýarlady.

1990-njy ýylda ARPANET NSFNet-den doly utulyp doly ulanyşdan ýitdi. Şol ýyl hem Internete ilkinji gezek telefon liniýasy arkaly çatylyş boldy (iňlis. Dialup access).

1991-nji ýylda Bütin dünýä kerebi Internetde hemmelere el ýeterli boldy. 1993-nji ýylda meşhur NCSA Mosaic brauzeri döredi. Bütin dünýä kerebi meşhur bolup başlady.

1995-nji ýylda NSFNet öňki derňew işine gaýdyp geldi, Internetiň trafiginiň marşrutizasiýasyna bolsa NSFNet-iň superkompýuterleri dälde, eýsem tor prowaýderleri gözegçilik edip başladylar.

1995-nji ýylda Bütin dünýä kerebi internete iň esasy maglumat beriji boldy, trafigi boýunça FTP-niň faýyllaryndan hem ozdy. Bütin dünýä kerebiniň Konsorsiumy döredi (W3C)

1996-njy ýyldan bäri Bütin dünýä kerebi özi bilen “Internet” düşünjesini doly çalyşýar.

Baýramow Gaýgysyz,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Zootehniýa taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby.