Botanika – ösümlik baradaky ylymdyr. Bu ylymyň ady “botane” diýen grek sözünden gelip çykýar, “gök ekin, ot, ösümlik” diýmegi aňladýar. Botanika ösümlikleriň daşky we içki gurluşyny, köpelişini, ösüşini, iýmitlenişini, ýaýraýşyny, daşky gurşaw bilen özara baglanyşygyny öwrenýän ylymdyr. Alymlar birwagtky ýok bolup giden ösümlikleri öwrenip,

Ýer ýüzünde ösümlikleriň ösüş taryhyny hem kesgitleýärler. Adamyň durmuşynda giňden ulanylýan peýdaly ösümlikleri öwrenmek has wajypdyr.

Dünýäniň dürli künjeginde ösýän ösümlikler, şol ýeriň tebigy şertlerine görä, dürli görnüşde bolýarlar. Köp sanly ösümlikler gury ýerde: çölde, dagda, sährada, çemenliklerde ösýärler. Birnäçe görnüşleri bolsa suwly ýerlerde: deňizde, derýalarda, köllerde ösýärler. Diýarymyzyň daglarynda, çöllerinde, düzlüklerinde, derýa ýakalarynda ösümlikleriň dürli görnüşleri köpdür. Ýurdumyz aýratyn hem dermanlyk ösümliklerine baýdyr.

Planetamyzda ösümlikleriň 500 000 –den gowrak görnüşi bolup, olaryň 200 000–den köprägi gülli ýa-da ýapyk tohumly ösümliklere degişlidir. Türkmenistanda ýokary gurluşly ösümlikleriň 2800-e golaý görnüşi bar. Şolaryň 700 görnüşi Garagumda, 1700 görnüşi Köpetdagda ösýärler.

Botanikanyň maksady we häzirki zaman wezipeleri. Botanika ösümlikleriň daşky we içki gurluşyny, köpelişini, ösüşini, iýmitlenişini, ýaýraýşyny, daşky gurşaw bilen özara baglanyşygyny öwredýär. Botanika ýabany we medeni ösümlik görnüşlerini, olary tygşytly peýdalanmagyň ýollaryny hem öwredýär. Örän seýrek duş gelýän, ýitip gitmek ýagdaýyndaky ösümlik görnüşlerini saklap galmagyň ýollaryny görkezýär. Botanika ylmy himiýa, fizika, geologiýa, ekologiýa we beýleki köp sanly ylymlar bilen baglanyşyklydyr.

Amanowa Ogulgerek,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
 Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby