BMG-niň klimatyň üýtgemegi baradaky Çäklendiriji konwensiýasy 1992-nji ýylyň maý aýynda Rio-de-Žaneýroda BMG-niň daşky gurşaw we ösüş baradaky Konferensiýasynda (Ýer Sammiti) kabul edildi we 1994-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi. KÜÇK atmosferada parnik gazlarynyň toplanmalaryny durnuklaşdyrmaga we klimatyň mümkin bolan üýtgemeleriniň öňüni almaga gönükdirilen XX asyryň iň uly ekologik halkara ylalaşygydyr. Häzirki wagtda ýurtlaryň 190-dan gowragy Konwensiýanyň Taraplarydyr. Konwensiýanyň ahyrky maksady parnik gazlarynyň (PG) atmosferadaky toplanmasynyň klimat ulgamyna adamyň howply (antropogen) täsirine ýol bermeýän derejede durnuklaşdyrylmagydyr. Konwensiýanyň Taraplary PG-niň zyňyndylaryny 1990-njy ýyla çenli ýetilen derejeden ýokary artdyrmazlygy özlerine borçnama edip aldylar, ýöne şunda milli zyňyndylary çäklendirmek ýa-da azaltmak boýunça taraplaryň mukdar borçnamalary göz öňünde tutulmady. Şuňa baglylykda degişli resminamany işläp taýýarlamak we kabul etmek zerurlygy ýüze çykdy. 1997-nji ýylda Kiotoda Taraplaryň 3-nji konferensiýasynda BMG-niň klimatyň üýtgemegi hakynda Çäklendiriji konwensiýasynda Kioto beýany kabul edildi, oňa laýyklykda senagat taýdan ösen ýurtlar 2008 – 2012-nji ýyllara çenli parnik gazlarynyň jemlenen zyňyndylaryny 1990-njy ýylyň derejesi bilen deňeşdireniňde azyndan 5% azaltmalydylar.

Kioto beýanynyň BMG-niň KÜÇK-inden tapawudy taraplar tarapyndan kabul edilen borçnamalaryň hukuk taýdan borçly ediji häsiýetidir. Beýan 2005-nji ýylyň fewral aýynyň 16-synda güýje.girdi. Kioto beýany şu aşakdaky esasy parnik gazlarynyň: uglerodyň ikili okisiniň (CO2), metanyň (CH4), azotyň zakisiniň (N2O), gidroftorkarbonatlaryň (HFCs), perftorkarbonatlaryň (PFCs) we sulfogeksaftoridleriň (SF6) atmosfera zyňyndylarynyň umumy möçberini azaltmak boýunça ösen ýurtlaryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini nazarda tutýardy.

Rahmanowa Jennet

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby