Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemek dabaralarynyň dowam etmegi häzirki zaman ösen jemgyýetimizde ýaşlaryň aňyna Magtmgulynyň paýhasy bilen nurlanan bilim hem-de ylym dünýäsini guýmak, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatyna bir agyzdan jogap bermek ýaly çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Her bir halkyň buýsançly halypa şahyr- ýazyjylary bolýar. Olar halkyň ruhuny beýgeldýär. Magtymguly Pyragynyň metr ölçeg biriligi bilen hasaplamasy esasynda onuň agaç diýip alýan ölçeg birlikleriniň birnäçe metri ýerine ýetirýän ölçeg bilrikdigi öwrenilendigi eýýämden mälimdir. Şahyr dünýäniň ýüzünde gören- eşidenlerini, bilenlerini, özüniň öwrenen astronomik hem- de geografiýa ylymlaryndan hem- de geometriýa ylymlaryndan gözbaş alýandygyny subut edýär.Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir şygryýet ýa- da edebiýat däl- de eýsem, ýaradylyşyň başlangyjyndan tä ahyryna çenli ähli barlygy, onuň hereketleri, aýlanyp, dolanyp, dönüp durşy hem- de ol hereketleriň içinde adamyň bir kiçijik nokatlygy. Magtymguly Pyragynyň bilime goýýan sarpasy belentdir. Ölçegi bilen beýgelen Pyragynyň döredijiligi bolsa, bütündünýä adamzat jemgyýetinde ýokary orny eýelän beýik medeniýetlere gol uzadýan öwrenilmäge mynasyp ylmy derejedir. Onuň Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly , ýaşlarymyza görelde bolarlyk Milli edebiýatymyzy beýgetmesi hem hut şu jahtdendir diýip bileris.

Gahryman Arkadgymyzyň ýörelgesi bilen Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň ýol görkezijiligini baýdak edinip, gije- gündiz işläp, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň giň gerimler bilen dünýä ýaýramagy babatyndaky işlerde üstünlikli zähmet çekýäris. Milli mirasymyzda iň sarpaly ýerde bolmagy türkmen halkynyň başyny göge ýetirýär. Çünki biziň beýik Magtymguly Pyragymyzyň döredijiligi Gahryman Arkadagymyzyň hem ýiti paýhasynda gönezlik bolup gaýnaýar. Magtymguly Pyragynyň ilkinji halypasy Döwletmämmet Azady bolsa- da ol oba medresesini tamamlanyndan soň Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa gidýär. Bu ýerde ylym öwrenmek hem-de dünýäniň çar künjünden gelýän beýik tasauufçylar bilen tanyşmak onuň ruhy açarlarynda ýer alýar. biziň milli şahyrymyz hem, dünýä türkmenleriniň özboluşly milli aýdymyna öwrülen şygyrlary bolsa, bu gün ýaş-u ýaşly adamlaryň gursagynda beýik bir nama bolup ýaňlanýar. Jeýhun bilen Bahry- Hazar arasynyň gül- gunçasyny gara gözünüň garasy ýaly görýän, gyz- gelinlerini perilere meňzedýän, gyýa bakyp lagla dönýän däli silli daglaryny we şol daglaryň gaýalary bilen bäsleşýän galkan döşli ýigitlerini jany- teni we ýüregi bilen söýýän beýik şähsyýetiň türkmen edebiýatynda dag ýürekli orny bardyr. Şygyrlarynda kanoniki şekilleri berip, dünýäniň nijeme filosoflaryny aňk eden Pyragyny bu gün nijeme dillere Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen terjime edilmegi ýurdumyzda edilýän işleriň has dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Beýik Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny ýokary derejede geçirmek üçin dag ýürekli beýik şahyrymyza hormat goýýan we halkymyzy bol- elin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdaýrys. Goý olaryň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

ATAMYRADOWA Aýsona
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 107-nji toparynyň talyby
Howandar mugallymy: Orazowa Çynar