Häzirki zaman ösüşlerinde aragatnaşyk ulgamy adamzat jemgyýetinde örän zerur sarp edijilik ulgamlarynyň biridir. Çünki aragatnaşyk bolmazdan başga işleri ýola goýmak mmükin däldir. Ýyllar boýy kerwenli gidilen ýollaryň eltmeli habarlaryny ýa-da bolsa, söwda- ykdysady platformalary bir sekundyň içinde aragatnaşyk ulgamy arkaly amala aşyrylmagy bolsa, bu ugurda edilmeli işleriň nähili ösüşlere sezewar bolandygyny alamatlandyrýar. Ykdysady aragatnaşyk ösüş ugry häzirki zaman ösüşugrunyň iň ýokary gatnaşyklarynyň biridir. Haýsy ugry alanyňda hem ykdysady aragatnaşyk ösüşleriniň, şol ugruň ykdysady dolanşygynyň aladasyna göz ýetirmek , häzirki zaman ösen jemgyýetde ýaşaýan edarardyr, kärhanalaryň we beleki söwda platformalarynyň işleriniň göwnejaý berjaý edilmegi bilen ýokary netije gazanmak üçin ilkinji nobatda aragatnaşyk ulgamy ýokary paýy alýandyr. Bu bolsa biziň ýurdumyzda hem iň ýokary sarp edijilik boýunça has-da ösüş ugruny peýlän ulgamlaryň biridir. Çünki haýsydyr bir kärhanany ýa-da edarany dolandyrmak üçin iki ugruň hem sepgitleriniň gerekli ýerine çenli büs- bütin doly bolmagy şol ugurda aragatnaşyk ulgamynyň paýyna düşýär. Bu sanda ulag logistiki we aragatnaşyk ulgamy üçin ýokary bilimli hünarmentleri taýýarlanýan merkezleri ýurdumyzda ýola goýlandyr. Aragatnaşyk nokatlaryndan başlap, ol ugur boýunça bilim alýan ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň hem ýola goýulmagy bolsa, biziň ýurdumyzda bu ugur boýunça edilýän işleriň ýokary paýynyň barydgyna güwä geçýär.
Şeýle-de demir ýol, aragatnaşyk, ulag gurluşygy we ykdysadýet ugry hem bilimli hünärmenleri hem-de tejribeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ýokary hilli netijeler gazanmaga ymtylýarlar. Biziň ýurdumyzyň ösüşlerinde aragatnaşyk ulgamynyň paýy ýokarydyr. Her bir edara we kärhanalrda bu ugur boýunça täze enjamlar we abzallar bilen üpjin edilen ähli zatlar häzirki zaman döwrebap dünýäsinde , döwrebap ýaşaýyşyň we iş amallarynyň üstünlikli ýola goýulmagyny emee getirýän ýokary netijäni almak biziň paýymyza düşýär. Ýaş hünärmenleri taýýarlamakda laboratoriýalarda we otaglarda bu ulgamyň ugurlarynda edilýän işler bilen tanyşdyrmak hem- de kommunikasiýanyň şu günki gün admazat durmuşyndaky zerurlygy baradaky tejribeleri dogry hem düzgün düşündirmek işleriniň ýola goýulmagy bilen okuw jaýlarymyzda mugallymlar tarapyndan alnyp barylýan ylmy – barlag işleri ulag we aragatnaşyk ulgamynda tehniki ösüşi çaltlandyrmaga, dürli konstruksiýalaryň, desgalaryň tygşytlylygyny we ygtybarlygyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler açan ýurdumyzda birnäçe işlerde netije gazanmak ugry has- da ösdürilýändigini düşündirmek biziň borjumyzdyr. Şeýle- de gün energiýasyny ulanmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde hojalyk strukturalaryň has peýdaly mehanizmlerini işläp düzmeklige talyplary tejribe arkaly görkezmek hem – de olar bilen amal sapaklaryny ýerine ýetirmek esasy borjumyzdyr.
Jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmeginde mysal üçin dünýäniň çar tarapyna ýol açýan aragatnaşyk ulgamy bolsa, bu ugurda netije gazanmaga uly mmükinçilikler açýar. Şeýlelikde edara – kärhanalaryň işlerinde ýola goýulan kommunikasiaý işleriniň ösüş aýratynlygynyň ilkinji nobata geçmegi bilen adamzat ýaşaýşynda zerur şertlleri döredýän mümkinçiliklere ýola açýar.
Gahryman Arakdagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aragatnaşyk kärhanalary we olaryň bellenilen nokatlary hereket etmek bilen aragatnaşyk ulgamyny häzirki zamanyň ösen sanly tehnologiýalarynyň esasynda özgertmeklik işine döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. Hut şu nukdaýnazardan – da, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi häzirkizaman dünýäsiniň iň soňky üstünlik gazananlary bilen aýakdaş gidip, global sanly özgeriş bilen deň gadam basýar. Ilkinji gezek bir asyrdan hem köp wagt öň paýtagtymyzyň şu wagta çenli geçen şöhratly menzillerindäki taryhy durmuşynda-da  aragatnaşyk ulgamy esasy orun tutupdyr.Şol sebäpli-de häzirki zaman dünýägaraýşynda şäherara telefon nokatlary kinofilmlerde ýa-da beýleki ekskluziw etiki muzeý ýa-da ýörüte kärhanalarda ulanylaýmasa başga ýerde ulanylmaýan bolsa-da onuň gadymy taryhy biziň üçin gymmatly çeşme bolup durýar.  Aşgabatda 1913-nji ýyla çenli telefon diňe demirýol menzillerinde bolupdyr, Şol döwürde paýtagtymyzda şäherara telefon aragatnaşygy ýola goýulmandyr. Ýurdumyzyň baş şäherinde  şäherara telefon aragatnaşygy 1917-1924-nji ýyllarda döredilipdir. Şol ýyllarda Aşgabat – Moskwa  aralygynda we paýtagtymyz bilen  beýleki ýurtlaryň administratiw senagat merkezleriniň arasynda telefon aragatnaşygy ýola goýulupdyr. Şondan soň elbetde bu günki telefon aragatnaşygynyň ösüşlerine , menzillere çenli geçen ýoluň nijeme taryhy bolsa-da şol aragatnaşyk ulgamyndaky ösüşler onuň taryhy hökmünde talyplarymyza hem derslerde öwredýäris.
1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen ýer titremesi paýtagtymyzyň aragatnaşyk ulgamyna uly zyýan ýetiripdir. Emma tiz wagtda bu ulgamyň dikledilmesi ýurduň ösüşlerine gönüden- göni öz täsirini ýetiripdir. Aşgabadyň  we onuň töweregindäki etraplaryň aragatnaşyk kärhanalarynyň hemmesi diýen ýaly weýran bolupdyr. Emma olaryö tiz wagtda düzedilmegi bolsa, ol zerurlygyň gymmatyna şu günki gün her birimiziň elimizde öýjükli telefonlaryň bardygy bilen düşündirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamy  öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Elbetde her bir döwletiň öz ösüş aýratyn;lyklary bilen tapawutlanyşy ýal;y häzirki zaman ösüşlerine laýyklykda aragatnaşyk ulgamynda hem edilýän işler tapawutlydyr. 1992-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji sanly awtomatik bölümi  guruldy,  ATB-leriň bolsa durky täzelendi.Pudagara nokatlaryň netijesinde durmuş- ykdysady ösüşlerde, medeni hem-de syýasy gatnaşyklarda aragatnaşyk ulgamynyň mmükinçilikleri juda alyslara ýaýrandyr. Aşgabatda aragatnaşyk pudagyny düýpli ösdürmäge Transaziýa-Ýewropa optiki süýümli ulgamy giň mümkinçilikler döretdi. Hytaýyň Urumçy şäherinden Germaniýanyň Frankfurt şäherine çenli uzlayp gidýän bu aragatnaşyk ulgamynyň Türkmenistanyň üstünden Farap-Paçgyran aralygy 1996-1998-nji ýyllarda guruldy. 2003-nji ýylda Aşgabat-Türkmenbaşy, 2006-njy ýylda Aşgabat-Daşoguz aralygynda hem optiki süýümli ulgamlar işe girizildi. Şeýlelikde ýyl geçdigiçe ýurdumyzda bu ulgam boýunça edilýän işler ýokary netijeleri gazanmak bilen bilrikde ýurdumyzyň ähli ösüşleri babatynda ýokary netijeler gazanmaga giň mümkinçilikler açdy. Elbetde bu häzirki zaman ösüşleriň ýollarynyň oňyn basgançaklarydyr. Ýurdumyzda Gahryman Arakdagymyzyň aladalary bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän işleri bilen baglanşykly ösüşlerde ähli taraplaýyn ulgam ösüşiniň gazanylýandygynyň ýene bir gezek aýdyň mysalydygyny subut edýär. Elbetde her bir döwrüň ykdysady ösüş ugry şol döwrüň şertlerine , hünärmenlerine we görkezijilerine görä ösýär. Aragatnaşygyň üsti bilen ykdysadyýeti intensiw usula geçirmeklik wajyp meseleleriň biridir.Ösüşlere tarap barýan diýarymyzda jemgyýetiň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda hem- de şol uguru boýunça edilen işlere oňyn baha bermekde iki ugruň ösüşlerini- de jemgyýetiň ösüş aýratynlygyna laýyklykda, zerurlyga laýyklykda ösüdürmelidir.Bu ýerde aragatnaşyk ulgamynyň netijeli işleri iň ýokary baha mynasypdyr. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyklykdyr. Ýurdumyzda öndürilýän çig mal onuň çäginden daşarda gaýtadan işlenip, taýýar önümler alynmagyndan başlap,tä dünýä bazaryna çykýan önümleri ýerlemekde, bazar ykdysadyýetiniň söwda ýollary bilen amala aşmagynda ýokary hilli netijeleri gazanmakda hem aragatnaşyk ulgamy ilkinji bolup durýar. Çünki aragatnaşyk bolmazdan başga işleri ýola goýmak mümkin däldir. Tebigy resurslaryň çalt özleşdirilmegine, şeýle- de birnäçe şertlere laýyklykda ýetişdirilýän çyg malyň jemgyýete getirjek peýdasyny ornaşdyrmakda, bazar ykdysadyýetiniň meselelerini oňyn we tiz çözmekde hem- de onuň zyýansyzlygyny hasaba almakda iki ugruň hem peýdaly bolmasyny gazanmak zerurlygy ýüze çykýan ugurlar aragatnaşyk ulgamy bilen gönüden- göni baglydyr. Ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga amatly şertleri dörilmeginde, ösüş ýolunyň taraplary birlikde hem ösüş ugurunyň ýokary hilli durnuklylygy bu iki ugruň ösüş aýratynlyklaryny kesgitlemekde bu ulgam iň ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik berýän ulgamdyr. Netijede ýokary hilli önümi kemala getirmek üçin iki ugry hem kesgitleýji birligi tapmak şerti ýokary derejede alnyp barylmagy bu günki gün argatnaşyk ulgamynyň üstünligidir. Tehniki ugurlaryň köplügi esasan el güýji bilen edilen işleriň ýokary derejede saplanmagy bolsa, bu ugruň üstünlikleirni amala aşyrmakda, jemgyýete peýda bermekde edilmeli işleriň iki taraplaýyn ösüş ugruny kesgitleýär.
Şeýleiikde bu ugurda döwrebap ýaşlary tejribeli edip ýetişdirmäge mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdýarys. Goý olaryň janlary sag bolsun, başlary dik bolsun, alyp barýan dünýä , admazat gatnaşyklaryndaky işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. Türkmen topragynyň bereketli hazynasy bolsa hiç wagt egsilmesin!

Selbi Ataýewa
Gülşat Hommakowa

Türkmengaz Döwlet konserniniň Mary nebit – gaz orta hünär mekdebiniň mugallymlary