Bahar gelip, köňüller joşa geldi. Ynsan ömri söýgüden ,mähirden- muhabbetden ybarat. Eneler bilen başlanýan mähir hiç wagt ynjamasa gowy. Ynsan köňlüniň sakasynda iň belent duýgular ýatyr.Köňül sen öz gözelligiňi, näzikligiňi belki-de bahar geleninde has-da artdyrýarsyň. Sen eneleriň ýylgyryşy, körpeleriň şatlygy bilen, meniň köňlümde hem keşde düzüp gelýärsiň. Şol sebäpli-de men seniň gelmegiňe her gezek sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Meniň şahyr ýüregimi-de joşdurýarsyň sen, baharym. Meýdandaky akja kebelek bolsa , türkmen sährasynyň gözelligine gözellik goşup, ganatlaryny ýaýýar , asmanda. Eger seni özüm bile alyp gidibilsedim,kebelegim…Seni alys meýdanlara äkiderdim,ýöne bolýarmy näme?Ýöne men seni goýup gidýän ,çünki men seniň uçan sähralaryňy,duman çöken belent daglaryňy,ganatlaryň ruhy siňen gülleriň ýapragyny bu ýerlerde goýup gidýän.
Men seniň tebigylygyňda – bu topragyň bag – bakjasynyň ynsan bilen nähili ýakynlygyna göz ýetirdim. Men seniň ýuwdynyp aýdyp bilmän duran sözleriňi bütün bedeniň sessiz gaýtalap durka,ol beýik ruha eýe bolan sözleriň bir gün aýdyljaklygyny duýdum,kebelegim. Seň ruhuňdaky maňa ýakynlyk meni özüne çeker durar,çeker durar.eýsem eneler hem şeýle. Olar öz perzentleriniň özüne aýdyp bilmeýän zatlaryny duýýarlar. Eneleriň ýüregi perzentleriň yşgyndadyr. Olaryň ýüregi perzentleriniň aýtmaýan zadyny syzýarlar.Perzentleriniň bilmeýän zatlaryny bilýärler, perzentler hakynda. Näzik gursakdaky mähir barada oýlananyňda, şol mähriň tükeniksiz güýjüniň näme-de jemlenýändigine düşünmek isleýärsiň. Öz perzentlerine, daş-töweregine mähir paýlaýan enä bu ylahydan berlen uly güýçdir. Çünki enäniň ýyly mähri tükeniksizlige eýe.Söýginiň hem mähriň ynjamazlygy üçin ony hemişe gorap saklamaly. Köňül bir näzik zat. Köňül näzikligini saklamak her kime başartmaýar. Şol sebäpden hem öz söýýän adamlaryňyza hemişe juda onuň köňlüne seresap çemeleşmeli. Bu bolsa her kesiň borjudyr. Eneleriň ýüregi gülden näzikdir. Ol güller hemişe-de ýaprak açmaga taýýardyr. Eneleriň güýji egsilmesin, olaryň ruhuna ýaradylyş şeýlebir gudratly hazyna ýazypdyr , onuň ady mähirdir.Ene mertebesi egsilmezdir. Olar hemişe perzentleriniň ugrunda janlaryny gurban edip, hemişe oalryň arzuwlaryny ýerine ýetirmek üçin ýaşaýarlar. Ýudurmyzda enelere goýulýan sarpa gutarnyksyzdyr. Eneleriň gymmatyny kesgitlemek, eneleriň wepadarlygy, olaryň şahsyýeti kemala getirmekde ynsana berýän güýji hiç hili bahasyna ýetip bolmajak güýçdir. Şol güýç hem olaryň enedigini, enelik duýgusynyň perzentlerine geçirýändigini subut edýän güýçdir.Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri.
Eneleriň ýüregniň güýji egsilmezdir. Ol güýjüň hiç wagt perzendinden geçmejegi hem düşnüklidir. Şol sebäpli-de ene ýüreginde güýç bar, gudrat bar, ol güýji, ol gudraty eneler perzentlerinden alarlar.
Enäniň öwüt – ündewleri jigerbendiniň ýoluna nur saçýar. Bu ümmülmez dünýäniň kökünde barlygyň hazynasy ene söýgüsi, ene mähridir.Adam durmuşda haýsydyr bir kynçylyk bile ýüzbe-ýüz bolan halatynda, hökman mähriban Käbesiniň huzuryna baryp, ondan maslahat soraýar. Ene perzendini ünsli diňläp, berjek maslahatyny ýedi ölçäp, bir kesýär. Olar öz durmuş tejribesine daýanyp, kynçylygy ynam bile ýeňip geçmelidigini mylaýym düşündirer welin, ömrüňe ýörelge bolar. Ýagşy öwüt-ündewleri arkaly perzendini durmuşyň ak ýoluna atarýan enelere baky tagzym.Eneler ýa-da atalar perzende bir zat diýeninde göwne almak-da ýaraşmaz, çünki ene- atanyň hem perzende ýamanlygy ýokdur diýýärler. Bu gaty dogry pikir.
Ene mähri siňip ulalyp, kemala gelen adam, ýaşynyň näçeligine garamazdan, nirede bolsa -da şol mähribanlygy küýseýär. Ol güýjüň öňünde durjak hiç bir zat ýokadur. Ol güýç tükeniksizligiň serhetsiz ummanlaryna salgylanyp, älemleri gezýär. Eneler müdimi daragtlar kibi bakylyga uzaýar. Olar perzendiniň ykbalyny nurlandyrjak ýagşy öwüt- ündewleri kalbyna püre- pürlän ynsanlardyr. Eneleriň müdimi ýaşaýşy olaryň perzentleri bieln diridir. Ene perzendiniň ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin bütin ömrüni bagyşlaýan mähriban. Ene aýratynlygyny ýüze çykarýan şu häsiýet hem ony beýgeldýär, mertebe eýesi edýär. Ene- ata bile ýürekdeş gatnaşyk saklamak, perzende bagtyýarlyk eçilýär. Olaryň durmuş babatdaky pikirleri has-da gymmatlydyr. Eger-de bir ogul abraý alyp, şöhratlanyp, taryha onuň ady ýazylýan bolsa, diýmek ol ýigidiň ýa- da gyzyň ýüreginiň aňyrsynda ,kökünde eziz enesi bardyr. Çünki eneler şöhratly ogulalry äleme getirýän ýeke- täk gudratly ynsanlardyr. Atalaryň abraýy , eneleriň mähri bolmasa, perzent hem hiç wagt iline şöhrat getirip bilmez. Çünki perzendiň ýüregi eneler bilen, atalar bilen diridir.Ene mertebesi egsilmezdir. Olar hemişe perzentleriniň ugrunda janlaryny gurban edip, hemişe oalryň arzuwlaryny ýerine ýetirmek üçin ýaşaýarlar. Ýudurmyzda enelere goýulýan sarpa gutarnyksyzdyr. Eneleriň gymmatyny kesgitlemek, eneleriň wepadarlygy, olaryň şahsyýeti kemala getirmekde ynsana berýän güýji hiç hili bahasyna ýetip bolmajak güýçdir.
Şol güýç hem olaryň enedigini, enelik duýgusynyň perzentlerine geçirýändigini subut edýän güýçdir.Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri. Ene mähri siňip ulalyp, kemala gelen adam, ýaşynyň näçeligine garamazdan, nirede bolsa-da şol mähribanlygy küýseýär.
Eneleriň ýüregi perzentleriň yşgyndadyr. Olaryň ýüregi perzentleriniň aýtmaýan zadyny syzýarlar.Perzentleriniň bilmeýän zatlaryny bilýärler, perzentler hakynda. Näzik gursakdaky mähir barada oýlananyňda, şol mähriň tükeniksiz güýjüniň näme-de jemlenýändigine düşünmek isleýärsiň. Öz perzentlerine, daş-töweregine mähir paýlaýan enä bu ylahydan berlen uly güýçdir.
Çünki enäniň ýyly mähri tükeniksizlige eýe. Ol güýjüň öňünde durjak hiç bir zat ýokadur. Ol güýç tükeniksizligiň serhetsiz ummanlaryna salgylanyp, älemleri gezýär. Eneler müdimi daragtlar kibi bakylyga uzaýar. Olar perzendiniň ykbalyny nurlandyrjak ýagşy öwüt- ündewleri kalbyna püre- pürlän ynsanlardyr. Eneleriň müdimi ýaşaýşy olaryň perzentleri bieln diridir. Enäniň öwüt – ündewleri jigerbendiniň ýoluna nur saçýar. Ynsan köňülüniň ynjamasy sähel salymyň içinde bolup geçýär. Emma bir- birege bolan hormatyňy hem söýgiňi aýap saklamak ol hem ynsanlyk borçlarynyň içine girýär. Şu ýerde köňül hakynda ýazan şygrymy hem mysal getirmek isleýärin:
Köňle sarpa, göze mähir bagydyr,
Emma kä ynjarsyň, syryň özüdir,
Kalbyň gamyň – hem hasratyň özüdir,
Iň ýakyn adamyň göwnüňe degse.
Wyjdan içre artar azaby- jany,
Ýekelik ýar bolar, köňül azaby.
Kalbyň ýere çöker, müner gazaby,
Iň ýakyn adamyň göwnüňe degse.
Ýagşy niýet bilen köňül saýlanym,
Ejizlemän, sabyr bilen aýlanym,
Ýürekden söýlänim- pikir aýlanym,
Iň ýakyn adamyň göwnüňe degse.
Çözüler düwünler, ýazylar köňül,
Sowular öýkeler, dem alyp ýeňil.
Şol köňül seňkidir, muny şeýle bil-
Iň ýakyn adamyň göwnüňe degse.
Bu ümmülmez dünýäniň kökünde barlygyň hazynasy ene söýgüsi, ene mähridir. Adam durmuşda haýsydyr bir kynçylyk bile ýüzbe-ýüz bolan halatynda, hökman mähriban Käbesiniň huzuryna baryp, ondan maslahat soraýar. Ene perzendini ünsli diňläp, berjek maslahatyny ýedi ölçäp, bir kesýär. Olar öz durmuş tejribesine daýanyp, kynçylygy ynam bile ýeňip geçmelidigini mylaýym düşündirer welin, ömrüňe ýörelge bolar.
Ýagşy öwüt – ündewleri arkaly perzendini durmuşyň ak ýoluna atarýan enelere baky tagzym. Ene perzendiniň ilhalar adam bolup ýetişmegi üçin bütin ömrüni bagyşlaýan mähriban. Ene aýratynlygyny ýüze çykarýan şu häsiýet hem ony beýgeldýär, mertebe eýesi edýär. Ene- ata bile ýürekdeş gatnaşyk saklamak, perzende bagtyýarlyk eçilýär. Olaryň durmuş babatdaky pikirleri has – da gymmatlydyr. Eger-d e bir ogul abraý alyp, şöhratlanyp, taryha onuň ady ýazylýan bolsa, diýmek ol ýigidiň ýa-da gyzyň ýüreginiň aňyrsynda ,kökünde eziz enesi bardyr. Çünki eneler şöhratly ogulalry äleme getirýän ýeke – täk gudratly ynsanlardyr.
Atalaryň abraýy , eneleriň mähri bolmasa, perzent hem hiç wagt iline şöhrat getirip bilmez. Çünki perzendiň ýüregi eneler bilen, atalar bilen diridir. Biziň mähriban diýarymyzda maşgala, wepaly söýgä, perzentlere bolan söýgi, mähir hem-de sylag hemişe öz ornuny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen maşgalalaryna döredip berýän şertleri üçin , enelerimize, uýalarymyza, körpe nesillerimize döredip berýän şertleri üçin çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem – de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il- ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Mähri Nursahatowa
Mary welaýatynyň Murgap etrap bölüminiň esasy usulçysy KAIG-nyň başlygy