Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürmegi we il-halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmagy baş maksat hökmünde kesgitlän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli wakalar tutuş dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan Watanymyzyň güýç-kuwwatyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzda her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak ençeme ýyl bäri asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň 29-njy dekabr güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrmak boýunça Mejlisiň Kararyny makullady. Köňüllere öçmejek buýsanjy nagyşlan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly zähmet üstünlikleri, mähriban halkymyzyň ýeňişli gadamlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyza belent menzilleri bagyş edýär. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagynyň özünde-de çuňňur many-mazmun bar. Çünki bu ýylda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uly ruhubelentlikde giňden baýram ediler.

Magtymguly Pyragy öz halkynyň azatlygyny we özbaşdaklygyny arzuw eden, halk arasynda beýik söýgä mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr. Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne döredijiligi bilen adamkärçiligiň iň gowy sypatlaryny wasp edip, ulumsylyk edyänleri, tekepbirleri, şöhratparazlary, harsydünýäleri rehimsiz paş edýär.

Magtymguly Pyragynyň ynsanyň ýaraşykly gylyk-häsiýetleri ündäp, öwmek bilen bir wagtda, ynsanlara ýaraşyksyz we zyýan ýetirji edim-gylymlary yzygiderli hem berk ýazgarmak arkaly, il-güni terbiýelemekde, olary ruhy taýdan gözel geljek üçin taýýarlamakda alyp baran işi has-da ähmiýetli, deňi-taýy bolmadyk derejede ulydyr.

Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde durmuşy goşgular esasy orunlaryň birini eýeleýär. Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen, erbetlikleri tertibe salmaga synanyşypdyr. Şahyr gelin-gyzlaryň edepli, päkize, mylaýym bolmagyny isläpdir, ata-enäni sylamaýan, hapysa gelin-gyzlary ýazgarypdyr.

Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar sen””, “Aýrylma” ýaly goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Akyldar şahyr Magtymguly gelin-gyzlaryň akylly, pähimli edepli bolmaklaryny isläpdir, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Bu barada “Durasyň geler” diýen goşgusynda çeper beýan edýär. Şahyr hapysa, sölite, nalajedeýinleri ýazgarypdyr.

Magtymguly, syn gerekdir gözele,

Her ne kysmat bolsa, tartar ezele,

Dünýä malyn harç et ýagşy gözele,

Ýamanyň ýanyndan gaçasyň geler.

Magtymguly atamyz dostluk, söýgi temasyndan hem birnäçe goşgy ýazypdyr. Bu temadan onuň “Gözel sen”, “Gülzardan aýryldym”, “Uýat eýleýir”, “Bu derdi”, “Boýlaryňa”, ýaly ençeme goşgulary bar. Ol gelin-gyzlaryň durmuşda uly hormata, söýgä mynasyp bolmalydyklaryny nygtamak bilen, olaryň owadanlyklaryny “Gözel sen” şygrynda şeýle taryplaýar:

Gyzyl diýsem-gyzyl, al diýsem-al sen,

Hindistanda şeker, Bulgarda-bal san,

Magtymguly Pyragy “Bilen bolmasa” diýen goşgusynyň şu setirlerinde Watany gorap ýören goç ýigitleriň özüne mynasyp ýary bolmasa, hemişe armandadyklaryny nygtaýar:

Är ýigidiň içi doly armandyr,

Gara göz, inçe bil ýary bolmasa

Beýik şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri durmuşyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçmek baradaky Kararyny türkmen halky uly şatlyk bilen garşylady. Beýik akyldaryň merdana ömri ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.

Aýgül MÄMEDOWA,

Türkmenistanyň inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň,

Mehanika tehnologik fakultetiniň Tehnosfera howpsuzlygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.