Türkmenistanyň soňky bäş ýylda ortaça 11 göterime barabar bolan çalt ykdysady ösüşi ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň çalt artmagyna getirdi. 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň jemi içerki önümi 3,5 essä golaý artdy, satyn alyjylygyň deňeçerligi boýunça ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümi bolsa 1,9 esse ýokarlandy. Şu ýylda Türkmenistanyň ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümi ortaça alanyňda ýokary derejedäki girdejili ýurtlar boýunça ählumumy kabul edilen sepgitden geçdi. Şeýlelikde Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatyny amala aşyrmagy netijesinde başa bardy. Şol syýasatyň amala aşyrylmagy diňe bir ösüşiň yzygiderli, sazlaşykly bolmagyny, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, ykdysady konýunkturanyň özgermeginden we oňa uýgunlaşylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň esasy strategiki maksada – ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny has ösen döwletleriň derejesine ýetirmek üçin kuwwatly binýadyň döredilmegine getirdi. Döwletiň durmuş syýasatyny amala aşyrmakda maliýe ulgamyna wajyp orun degişlidir, bu ulgam çalt ösýär we şonuň bilen birlikde onuň institusional düzümi üýtgeýär.
Býujet we pul – karz syýasaty boýunça amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän özgertmeler ösüşiň yzygiderli ýagdaýa eýe bolmagyny hem-de düzüme we durmuşa degişli wezipeleriň çözülmegini üpjün eder. Maliýe ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň oýlanyşykly, netijeli paýdalanylmagyny üpjün etmek arkaly maýa goýumlaryna degişli ýagdaýlaryň netijeliliginiň artdyrylmagyna we yzygiderli ykdysady ösüşiň gazanylmagyna ýardam berdi.
Soňky bäş ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8 esseden gowrak artdy, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary 8,6 esseden gowrak köpeldi. Maýa goýumlary esasan täze önümçilikleriň döredilmegine, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna we tehnika taýdan täzeden üpjün edilmegine gönükdirildi.
Goýumlary maýa goýumlaryna öwürmegiň mehanizmlerini kämilleşdirmegiň üsti bilen, maliýeleşdirmegiň ýurdumyza degişli çeşmelerini ösdürmek, maliýe ulgamynyň mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanmak arkaly maýa goýumlarynyň düzümini oňaýlaşdyrmak amala aşyryldy.
Ykdysadyýetiň globallaşmagyna we onuň dünýä hojalygyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylimagyna mahsus şertlerde esasy serişdeleriň täzelenmeginiň üpjün edilmegine, ykdysadyýetiň innowasiýalara uýgunlaşmagynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän adam kapitalynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berildi. Önümçilik we önümçilige dahylsyz pudaklaryň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň uly möçberleri gönükdirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ozal hereket edýänlerini bolsa abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça maýa goumly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
2008-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna we maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär, bu gaznanyň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýumly taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklaryna daşarky oňaýsyz ýagdaýlaryň ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik ebrýär. Şeýle hem Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň belli bir bölegi bellenilen maksatnamalary maliýeleşdirmek arkaly, enjamlaryň we ýokary tehnologik önümleriň, ulag serişdeleriniň satyn alynmagyna gönükdirildi, munuň özi zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny we hojalygy dolandyrmagyň has netijeli usullaryna geçilmegini üpjün etdi.
2011-nji ýylda Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişldeleri esasynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň döredilmegi institusional düzümini ösdürmekde wajyp ähmiýetli ädime öwrüldi. Bu bankyň esasy wezipeleriniň biri ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmekden we döwrebapllaşdyrmakdan, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümçiligini höweslendirmekden ybarat bolup durýar. Ösüş boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, bäsdeşlige ukyply önümleriň we tehnologiýalaryň döredilmegi bank tarapyndan höweslendirilýär.
Şeýle hem maliýe ulgamynyň düzümleri ykdysadyýetiň pudaklarynyň maliýe babatdaky hajatlaryny kanagatlandyrmak maksady bilen ösdürilýär.
2011-nji ýylda “Rysgal” paýdarlar — täjirçilik banky döredildi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi esasy paýdar bolup durýar.Inistutisional innowasiýalary yzygiderli kemala getirmek ilkinji nobatda ýurduň maliýe ulgamynyň kadalaşdyrylymagyna, ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň saklanmagyna gönükdirilendir.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze strategiýasy milli ykdysadyýetiň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň döredilmegini ugur edinýär hem-de esasy gaznalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we täzelenilmegine, ähli pudaklaryň öňde baryjy tehnologiýalara yzygiderli ýagdaýda geçirilmegine gönükdirilendir.Ykdysadyýetiň düzümi özgerýär, şunda taýyn we goşulan ýokary gymmatly önümiň önümçiligi agramly orny eýeläp ugrady. Ýokary tehnologiýaly, ylmy başlangyçlara we innowasiýalara esaslanýan pudaklary ösdürmegiň binýady döredildi. Ýaşaýyş jaý – jemagat ulgamyna degişli gurluşyk işleri we ulag ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ösüş depgini barha ýokarlanýar.
NÄZIK Soltanowa
Ahal welaýat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy