Itburunyň miwesiniň düzüminde 6% C witamini, B2, P, E we K witaminler, 12-27 mg% karotin, 29% organiki (limon, alma) kislotalar, tohumynda itburun ýagy bar.

Itburunyň köp görnüşleri dürli ekologik şertlerde: derýanyň boýlarynda, daglarda we tokaýlarda köpçülikleýin ösýär. Onuň boýunyň uzunlygy 3 metre çenli bolup, dürli ýaşdaky 8-12 sany çybyklardan ybaratdyr.

Itburunyň gymmatly häsiýetleriniň biri çybyklarynyň üznüksiz çalşygydyr. Ösüp çykan täze çybyk ikinji ýyl hasyl berip başlaýar we 5-6 ýyldan soň guraýar. Onuň ornuna kök bogunynda täze pyntyk emele gelýär we uzak ýyllap hasyl bermäge ukuply bolýar. Itburunyň baldaklary tikenler bilen örtülen, ýapraklary 5-7 sany lanset, owal görnüşli, gyralary dişli. Ol aprel aýynda gülleýär, miwesi awgust-sentýabr aýynda bişip başlaýar. Gülleri uly, gyzyl, gülgüne ýa-da ak reňkli, hoşboý ysly, nektara baý bolýar.

Itburun tohum we çybyklary arkaly medeni köpeldilýär. Tohum arkaly köpeldilende ekiljek tohumyň hili ösümligiň oňat ösmegine, tiz hasyl bermegine we daşky täsirlere çydamly bolmagyna uly täsir edýär. Şol sebäpli ekiljek tohumlar bol hasylly, uly miweli, kesel we zyýanly mör-möjekler bilen zaýalanmadyk hem-de gymmatly genetik hili bolan ösümliklerden taýýarlanylýar.

1 kg miwesinden 10-17% tohum çykýar. Tohumlar miwesinden aýrylandan soň stratifikasiýa edilýär. 50-60 gün stratifikasiýa edilen tohumlar çygly topraga ekilýär.

Itburuny çybyklary bilen köpeltmek amatlydyr. Itburun ekmek üçin taýýarlanan çybyklar standart talaplara laýyk gelmelidir. Munuň üçin ýokary hasylly, iri miweli itburunyň görnüşlerinden peýdalanmak zerurdyr. Çybyklar öňden 40х40х50 sm ölçegli gazylyp goýulan çukurlara ekilýär. Ekişden öň kök ösdüriji maddalar bilen işlenip ekilen çybyklaryň gögerişi ýokary bolýar.

Ekilen çybyklaryň töwereginde çyglylyk saklanar ýaly her ösümligiň düýbüne agaç gyryndysy goýulýar. Ideg döwründe mineral dökünler bermek itburunyň hasyla giriş wagtyny çaltlandyrýar we hasyllygyny ýokarlandyrýar.

Ösüş döwründe haşal otlaryň ösüşine görä, 4-6 gezek hatarara bejergi geçirilýär. Hatararasy 8-10 sm çuňlukda, hatardaky çybyklaryň töweregi 4-6 sm çuňluga çenli, ýagny gapdal köklere zyýan ýetirmezden toprak ýumşadylýar. Ekilen çybyklar 2-3 ýyldan soň tiz ösüp ýerişýär we toprakdaky iýmit maddalaryny gowy özleşdirýär.

Agrotehniki çäreler öz wagtynda we ýokary derejeli geçirilende itburun çybyklary 3-nji ýyly hasyl berýär. Çybyklaryny kesip şekil bermek, ýaşlandyryp durmak itburunyň hasyllygyny artdyrýar. Itburunyň miwesiniň düzümindäki witaminleriň mukdaryny köpeltmek üçin mineral dökünler bermek, haşal otlardan arassalamak we iýmit meýdanyny giňeltmek ýaly agrotehniki çäreler gowy netijeleri berýär.

Jumagulyýewa Aýjeren,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,

 Agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.