Saglyk köp zady talap edýär.Ýöne sagdyn bedeniň doly manyly bolmagy üçin howanyň, suwyň, iýmitiň tämizligi esasy şertdir. Munuň üçin bolsa özümizi gurşap alan daşarky gurşawa köp zat baglydyr. Hut şonuň üçin hem Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak meselesine üns bermegi ýöne ýere däl. Ýurduň ykdysady taýdan ösmegi halkyň maddy we ykdysady taýdan öňe gitmegi babatynda, onuň medeniýetiniň ýokarlanmagy hakyndaky köptaraply çäreler hut daşky gurşawyň arassalygy hakyndaky düýpli meselä gelip syrygýar. Tehnikanyň ösmegi, senagat önümçiliginiň ýokary derejä ýetmegi daşky gurşawa belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Sebäbi senagat galyndylarynyň, dürli awtomobil gazlarynyň daşa çykmagy köp halatlarda daşky gurşawy hapalamak howpuny öňümizde goýýar.
Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler ylmy taýdan öwrenilen, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Türkmenistanyň bereketli topragy, tenekär suwy, tämiz howasy, babadaýhanlaryň zähmetsöýerligi ata Watanymyzy gür baglyga öwürmäge doly mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň aladalary bilen ata watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada geçirilýän işler bu gün özüniň oňyn netijelerini beryär. Her ýylda baharda we güýzde bag ekmek çäreleri we Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Aral deňziniň guran ýerlerinde emele gelýän duzly tozanlaryň ýetirýän zyýanly täsirini peseltmäge uly ýardam edýär. Kabul edilen bu resminamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň ekologik düşünjelerini baýlaşdyryp, ekologik hukuklaryny aýdyňlaşdyrýar. Alnyp barylýan giň möçberli çäreleriň öz wagtynda we talaba laýyk geçirilmegi netijesinde behişdi topraga, onuň owadan tebigatyna bolan çäksiz söýgümizi artdyrýar, ony goramak, gözelleşdirmek her bir ynsanyň borjy bolup durýar. Alnyp barylýan ajaýyp işler türkmen jemgyýetinde täze ekologik däpleriň döremegine getirdi. Bu däpler täze girilan binalaryň daş-töweregine bag ekmek, täze çekilen hem-de öňden bar bolan gara ýollaryň iki tarapyna hem saýaly we pürli agaçlary ekmek, her ýylyň bahar we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, miweli we pürli baglary ekmek munuň aýdyň subbutnamasydyr.
Ýurdumyzda alnyp barylýan tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologiki deňagramlylygyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň ekologik taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen adamyň tebigata ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin uly mümkinçiliklere ýol açyldy. Tebigy baýlyklarymyzy maksada laýyk we halk bähbitleri üçin peýdalanmakda edilýän işler nusga alarlyk başlangyçdyr. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy ösüşiniň ylmy ugurlarynyň, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz bolan täze tehnikalar bilen doly çalşyrylmagyna mümkinçilik döredi. Täze gurulýan kärhanalaryň bolsa ekologik talaplarynyň kadalaryna laýyk bolmalydygyna uly üns berilýär.
Häzirki wagtda öňde durýan esasy wezipeleriň biri topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan, oba hojalyk we senagat önümleriň öndürlişini artdyrmakdan, tebigy şertleri we baýlyklary tygşytly peýdalanylmakdan ybarat.
Tebigat her döwletiň milli baýlygy hasaplanýar. Ony goramak, baýlaşdyrmak her bir raýatyň borjydyr. Çünki, tebigat ähli zadyň gözbaşydyr.