Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim – gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala- döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar.

Pähimdar halkymyzyň ene-mamalarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormaty gadym zamanlardan bellidir. Merdana halkymyzda “Gyz edebi – il edebi”, “Gyzly öý – gyzylly öý”, “Gyzym – gyzylly halkam”, “Enem – käbäm, atam –kyblam”, “Ene eli em, dili melhem” ýaly ajaýyp pähimler bar.

Her bir türkmen maşgalasynda ene-ata, Watana, topraga bolan hormat uludyr. Ene-ata öz perzentlerini mähir-muhabbet bilen gurşap alyp, olaryň edep-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Nesilden- nesle geçip gelýän terbiýe meselesinde zenan maşgalalara hormat goýmak üýtgewsiz berjaý edilýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, ýagşylygy ýaran edinmek halkymyzyň üýtgewsiz durmuş ýörelgesidir. Türkmen halky gelin-gyzlaryny ýüzüniň tuwagy, edebi, namys tugy hasaplaýar. Gyz maşgala enesinden öwüt-ündew alyp, ony durmuş çelgisine öwürýär. Bir hakykata üns bereliň, täze nahaly haýsy tarapa ugrukdyrsaň, ol şol ugur boýunça-da ösüp ulalýandyr. Edil şol kysmy, enede gyzyna çagalykdan terbiýe sapagyny geçýär. Olara kiçilikden başlap, edep kadalaryny, öý-hojalyk işlerini, tikin-çatyn işlerini öwredip ugraýar. Bu ýagdaý gyz çagany ulugyz bolup ýetişende geljekki durmuşa taýýarlaýar.

  Arzuwjemal SATLYKOWA

  Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünariniň 5-nji ýyl talyby