Appersepsiýa-kabul edişiň mazmunynyň we gönükdirilmesiniň adamyň bilim-düşünjelerine, öňki tejribesine, şahsyýetiň ugrukmasyna baglylygy bolup, ol persepsiýadan-adaty kabul edişden tapawutlanýar. Bu düşünjäni filosof, fiziolog, kibernetik ýaly hünärleriň wekilleriniň-de kabul edişiniň mazmuny özboluşlydyr.

Kabul edilýän mazmunyň ýörite bir jähtde aňlanylmagy mundan beýläk onuň diňe şol manyda beýnä ornaşdyrylmagyny döredýär. Kabul edilýän zatlaryň, hadysalaryň

duýma organlardan uzaklaşmagyna, görlüş tarap-burçlarynyň, ýagtylyk derejeleriniň üýtgemegine garamazdan möçber, görnüş, reňk häsiýetleriniň üýtgewsiz galmagy konstantlyk-hemişelik diýip atlandyrylýar. Bu häsiýetde zatlaryň fiziologik we psihiki keşpleriniň kabyl edişdäki aýrybaşgalygy ýüze çykýar. Meselem: çep we sag ellerimiziň süýem barmaklaryny gözümizden dürli uzaklykda saklasak, onda biz olary bir ululykda kabul edýäris. Ýöne barmaklaryň görejimizdäki fiziologik şekilleri bolsa uzakdakysy kiçi, golaýdakysy uly möçberde bolýar.

Kabul edişiň bu häsiýeti gyjyndyryjylaryň orta ululyk derejesinde adalatly bolup, has uly ýa-da has kiçi ululyklarda ol bozulýar.

  Gözel BEGENJOWA

  Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby