Dünýäde ilkinjileriň hatarynda dörän janly jandarlar mör-möjeklerdir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, olar dinozawrlaryň ýaşan döwründen has hem ozal biziň eramyzdan 400 million ýyla golaý öň ýer togalagynda peýda bolupdyrlar. San taýdan beýleki jandarlaryň ählisinden tapawutlanýan, bedeniniň ululygy 0,2 mm-den 30-sm-e çenli bolan bu jandarlar şeýle bir çydamly welin, hat-da dünýädäki bolup geçýän her dürli garaşylmadyk weýrançylyklardabn hem aman galmana ukuplydyr.
Mör-möjekleriň ýerli senagat-da, derman we azyk senagatynda, oba hojalygynda ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmenistan –Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda beýan edilişi ýaly Hytaýda ýüpek gurçugyndan alynýan ýüpekden dokalan matalar dünýä belli gymmat bahaly haryt bolup, Beýik Ýolunyň ugry bilen dünýäniň köp ýurtlaryna eltilipdir. Häzirki döwürde, ýüpekçilikde ýüpek ýüpek gurçugynyň pilesinden diňe ýüpek almak bilen çäklenmän, eýsem Gündogar Aziýa döwletlerinde ýüpegi alynan piläniň içinden çykan gurjaklary gowrulan ýa-da şekere ýatyrylan görnüşde iýmit üçin ulanýarlar. Taýland döwletinde 1987-nji ýylda olary mekdebe çenli çagalaryň iýmit düzümine hem goşupdyrlar.
Arydarçylykda ary baly iýmit üçin ulanylsa, onuň mumy, zäheri we beýleki önümleri derman senagatynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda giňden peýdalanylýar. Oba hojalygynda mör-möjekleriň käbir görnüşleri, beýleki oba hojalygyna zyýan beriji mör-möjekleriň garşysyna hem giňden peýdalanylýar.
1979-njy ýylyň awgust aýynda Gaplaňgyr belentliginde adybir tebigy goraghanasynyň döredilmegi bilen goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsi, onda bolýan özgerişlikleri takyk öwrenilip başlandy.
Häzirki döwürde goraghananyň meýdanlarynda ösümlikleriň 400 görnüşi ösýär, oňurgaly haýwanlaryň bolsa 324 görnüşi duşýar. Olardan 32 görnüşi balyklara, 2- ýerde-suwda ýaşaýanlara, 25- süýrenjilere, 218 – guşlara we 47 sanysy süýtemdirijilere degişlidir. Şonuň bilen bir hatarda goraghananyň mör-möjekler dünýäsi hem içgin öwrenilýär. Şeýlelikde şu wagta çenli goraghanada we oňa ýanaşyk meýdanlarda mör-möjekleriň 1259 görnüşi hasaba alyndy.
Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimizde täze tehnologiýalar, häzirki zaman ylymynyň gazananlary bilen berk baglanyşykly ösüşini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda goraghananyň işgärleri tarapyndan daşymyzy gurşap alan gözel tebigatymyzy gorap saklamak, öwrenmek we asyl nusgasynda geljekki nesillere ýetirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Baýramberdi Tirkeşow
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň uly ylmy işgäri