Baglanyşylan azot önümçiligi esasan NH4NO3, CO(NH2)2 azot dökünlerini öndürmek bilen meşgullanýar. Munda esasy bölüm – NH3 sintezi. Häzirki wagtda ammiak önümçiliginde tebigy ýa-da ugurdaş duzlary konwersiýa etmek üçin dürli usullar ulanylýar. Konwertirlenen gazy CO2-den arassalamak üçin monoetanolamin suw ýa-da suw-aşgar erginleriniň absobsiýasy ulanylýar. Gazdan CO-ny çykarmak üçin bolsa mis-ammiak ergini ýa-da suwuk azotyň absobsiýasy ulanylýar. Bu prosesleriň hemmesinde akyndy suwlary emele gelýärler. Şeýle hem akyndy suwlar enjamlar ýuwulanda, gazanlar buglananda, kompressorlar sowadylanda we başgalarda döreýärler. Ammiagyň sintezinde akyndy suwuň iki görnüşi emele gelýär: 1) “Şertli arassa” akyndy suwlar. Bulary ýörite arassalamak gerek däl we olar aýlawly suwüpjünçiliginde ulanylýar. 2) hapalanan akyndy suwlar bularyň düzüminde tehnologik shemasynyň dürli böleklerinde emele gelýän zyňyndylar saklanýar – organiki we organiki däl maddalar bolan ýaglar, aşgarlar uglerod oksidleri, ammiak, mis we başgalar. Şoňa göräde bu akyndy suwlardaky dürli maddalar dürli usullar arkaly arassalanýar. Akyndy suwlary ammiýakdan arassalamak üçin elektrodializ, bug bilen kowmak, ionit we beýleki usullar ulanylýar. Meselem 0,2-1,0 g/l ammiak saklanýan suwy KU-2 kationiti doly arassalaýar. Onuň dinamiki sygymy bolsa mg-ekw/g. Kationiti regenirasiýasy 10%-li H2SO4 bilen amala aşyrylýar. Ionit usuly akyndy suwlary misden arassalamak üçin hem ulanylýar. Karbomid önümçiliginde akyndy suwlaryň mukdary ortaça 1 tonna karbomid üçin 211-241 m3 bolýar. Şol sanda ýörite arassalamagy talap etmeýäni 210-240 m3, hapalanany 0,8-1,05 m3.

Ammiak seltrasy önümçiliginde akyndy suwlaryň çeşmesi esasan HNO3 ammiak bilen neýtrallaşdyrylanda emele gelýän şire buglarynyň kondensatlarynyň, şeýle hem akyndy suwlar enjamlaryň, poluň we beýlekileriň ýuwulmagy netijesinde emele gelýärler. Kondensaty 2 tapgyrda arassalaýarlar: 1) suwdaky NH4+ ionyň KU-2 kationity bilen bolup çykarylýar. 2) Suwdaky NO3- ionlaryny anionitler bilen aýyrýarlar.(meselem AN-2F we ş.m.). soňky wagtlar biziň şertlerimizde ammiagyň aýyrmak üçin ýerli Bathyz seolitleri hem ulanylyp başlady. Mälim bolşy ýaly, azot kislotasynyň önümçiligi bolsa ammiagyň okislendirilmesi netijesinde azotyň dürli oksidleriniň emele gelmesi bilen baglanşyklydyr. Soňky döwürlerde gowşak azot kislotasynyň tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegi bu zyňyndylaryň azalmagyna getirýär.

Türkmenistanyň alymlary Hormatly Prezidentimiziň görkezmeleriniň ugur alyp ýerli çyg mallary rejeli peýdalanmak, senagat, oba-hojalyk akyndy suwlaryny arassalamak we kompleks ulanmak boýunça täze tehnologiýalary döredýärler we önümçilige ornaşdyrýarlar. Hususanda, olar tarapyndan günbatar Türkmenistanyň ýod-brom, Garabogazyň şerebeli suwlaryny, Gowurdagyň selestin magdanlaryny we beýleki mineral baýlyklary toplumlaýyn işlemekligiň tehnologiýalary, senagat zyňyndy suwlary arassalamaklygyň usullary işlenip düzüldi we önümçilik .synagyndan üstünlikli geçdi.

Bu bolsa ekologik sowatlygyň we bilimiň ähmiýetini hasda artdyrýar. Bu ugurda mekdep okuwçylaryň, talyplaryň, hünärmenleriň, ýolbaşçylaryň we beýleki hojalykçylaryň arasynda dürli ýollar bilen ekologiki bilimi we terbiýäni has-da güýçlendirmek talap edilýär. Munuň üçin ähli bilim ojaklary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgiýetçilik guramalary we beýleki mümkinçilikleri giňden ulanylmalydyr. Sebäbi ýaşaýyş we bereket çeşmesi bolan topragy, suwy we howany gorap saklamak biziň ählimiziň jana-jan borjumyzdyr.

 Mamudowa Leýla

Türkmen oba hojalyk institutynyň

 Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 401-nji toparçasynyň talyby