Bilişimiz ýaly, erkliligi we islegi döredýän duýgular köp derejede adamda edebiýatyň, sungatyň, diniň täsiri esasynda berkeýär. Taryhyň bütin dowamynda çözgüdi gözlenýän ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky barlyşyksyz araçägi açmaklyk meselesini alyp göreliň. Bu meseläni ylmyňam, pelsepäniňem doly çözüp bilmänlikleri sebäpli ony amal etmeklik wezipesi edebiýatyň we sungatyň üstüne ildirilýär. Olaryň bu meseleleri çözüş aýratynlyklary bilen hem sungatyňam, edebiýatyňam adama, onuň ahlak dünýäsine, özini alyp barşyna edýän täsirleriniň syry baglydyr. Meselem, ylym olardan tapawutlylykda adamyň içki dünýäsini doly kanagatlandyryp bilmeýär. Şeýle bolany hem gowy. Eger tersine, ylym ony kanagatlandyrýan bolsa, onda ol adamyň bir taraplylygyny, «bir ölçegliligini» kemala getirerdi. Adam edebiýata, sungata ýüzlenip, ylmyň göz ýetirip bilmeýän täsinliklerini özünde açýar. Şonuň üçin adam dünýäde we öz durmuşynda bar bolan zatlara akyl ýetirip lezzet almaklyk üçin sungata mätäçdir. Adamy taplamakda sungatyň aýratyn ornuny köp ylymlar belleýärler. Meselem, geçen asyrda ýaşan belli dat fizigi Nils Bor edebiýatyň we sungatyň adamyň ruhunyň baýlaşmaklygy üçin döredýän mümkinçiliklerini, olaryň adama kadalaşdyrylan derňewe mümkin bolmadyk sazlaşygy ýatladyp bilmek ukyplary bilen baglaýarlar. Onda adamyň şeýle gymmatlyklardan mahrum bolmagy, onuň duýgy tebigatyny gowşadyp, aňyna we ahlagyna örän oňaýsyz täsir etjekligi düşnüklidir.
Edebiýatyň we sungatyň şu hili “kadalaşdyrylan derňewe mümkin bolmadyk sazlaşyga” ugrukdyryjy güýjüniň, adamyň ahlak dünýäsine gönükýänligi sebäpli, adamyň ýaşaýşynyň we ölüminiň, azatlygynyň hem wyždanynyň, haýyr bilen şeriň ahlaky-pelsepeleýin, ynsanperwerleýin mana eýe bolan meseleleriň örän dartgynly görnüşde, diňe şolaryň üsti bilen duýulyp bilinýänligini bellemeklik gerek. Olaryň derňeýän meseleleri adamyň durmuşy, ylmy açyşlar ýaly, çalt üýtgäp bilmeýärler. Olar adamyň asyl durkuny häsiýetlendirmeklige çalyşýarlar. Ine, şonuň üçin olary aňladýan sungat we edebiýat eserleri adamyň tebigaty kimin baky bolýar.
Sungatyň we edebiýatyň esasy wezipesi adamyň ýaşaýyş dünýäsini döretmeklikde bolýar. Olaryň döreden dünýäsi adamyň islegleriniň we duýgularynyň barlanýan meýdany bolup hyzmat edýär. Haýsy hem bolsa, bir durmuşy taslamany derňemeklik üçin adamlary tejribeleýin barlaga çekip bolmajaklygy düşnükli bolsa gerek. Şol bir wagtda-da çeper keşpleriň, nyşanlaryň üsti bilen derňew geçirip bolýar. Çeperçilik gurallaryň üsti bilen her bir durmuşy ýagdaýy, hereketi, delili adama zelel ýetirmän böleklere bölüp, olaryň kömegi bilen bolup biläýjek adamyň her bir hereketini gözden geçirip, her bir gapma-garşylykly ýagdaýy soňyna çenli ýetirip, durmuşy hadysalary derňäp bolýar. Oýlanyp tapylan çeper dünýä adamy kähalatlarda “dost kimin” yzyna düşüribem, şol bir wagtda-da ol adamzat üçin mümkin bolan howplar barada duýduryş hem bolup biler. Şeýdibem sungat we edebiýat jemgyýetiň özüne akyl ýetirmekliginiň guraly wezipesini ýerine ýetirýärler. Onda-da olar mümkinçilikleriň örän çäkli bolan şertinde hem barlag guraly bolup bilýärler. Nusgawy çeper eser adamy kämillige ugrukdyrýan estetiki gymmatlyklaryň, gözellik nusgalarynyň ulgamyny döredýär. Has çuňňur we oýlanşykly tapylan çeper keşp, özünde adamyň asyl häsiýetleriniň köpüsini jemläp, umumadamzat ýa-da milli simwola öwrülýär. Gamletiň, Faustyň, Artyk Babalynyň, Meňliniň keşpleri oňa mysal bolup bilerler.Sungatyň esasy wezipesi-estetiki wezipe bolýar. Ol wezipe sungatyň adama estetiki lezzeti berýänligindedir. Bu lezzet adamyň diňe bir sungat eseriniň üsti bilen öz ruhy isleglerini kanagatlyndyrmagy bilen çäklenmän, eýsem, onuň duýgularyny oýarýan, hyjuwyny joşdyrýan güýç bolup hem hyzmat edýär. Şonuň üçin edebiýata we sungata ylmyň kömekçi serişdesi hökmünde garamak düýpgöter nädogry. Bu ýerde gürrüňem ylmyň gazananlaryny sungata ýa-da edebiýata garşy goýmak maksatlar üçin ulanmaklyk barada gitmeýär. Jemgyýetde ylmyň öz orny, sungatyň hem öz orny bolýar. Onda-da olaryň her biri bu ýerde aýratyn wezipäni ýerine ýetirýärler. Şol aýratynlyklyklary bilen hem olar adamzadyň durmuşyny baýlaşdyrýarlar.
Edebiýat we sungat durmuş bilen çuňňur baglanşykda bolup, köp taraplaýyn-jemgyýeti özgeridiji wezipeleri ýerine ýetirýärler. Edebiýatam, sungatam milletiň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolup, dünýä we adamzada akyl ýetirmeklik serişdesi, dünägaraýyş ulgamy bolup çykyş edýärler. Olaryň terbiýeçilik ähmiýeti has hem uludyr. Edebiýat adamy kämilleşdirmegiň mekdebidir. Edebiýatyň we sungatyň adamlaryň gözellige bolan isleglerini kanagatlandyrmaklyk ukyby hem ýokarydyr. Olardan adamlar bahasyna ýetip bolmajak ruhy lezzet alýar. Edebiýat we sungat eserleri bu dünýäniň gözelligini, milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýan edip, adamyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýarlar. Şeýdibem olar adamzady gyzyklandyrýan baky meseleleri çözmeklige kömek berýärler. Çünki jemgyýetiň täzelenşine işewür gatnaşýän ýaşlaryň kemala gelmekleri üçin bu ýerde ylym-bilim ulgamyň kämilleşmegi bilen bir hatarda edebiýatyň we sungatyň, umuman, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň täsirliligi hem artmaly. Şol täsirliligiň esasynda döreýän ruhy ynanç adamy beýgeldýär. Adamlaryň şeýle ynanja eýe bolmaklary, biziň pikirimize görä, täze Galkynyş eýýamynda jemgyýetimize has hem gereklidir. Ýöne, şeýle zerurlyk her bir adamda öz-özünden döremeýär. Onuň üçin adamyň her günki aladalardan ýokary galyp, öz ruhy güýçlerini herekete getirmekligi gerekdir. Adam mukaddesliklere, ruhy gymmatlyklara ynanyp ruhy ynanja, pähimpaýhasa eýe bolýar.
Akmädow Ýazmämmet
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby