Önümçilikdäki betbagtçylyk hadysalaryny derňemek we hasaba almak hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Pezidentiniň 1999-njy ýylyň ýanwar aýynyň 13-in däki N 4039 karary bilen tassyklandy.

Düzgünnama önümçilikdäki betbagtçylyk hadysalaryny derňemegiň we hasaba almagyň ýeketäk tertibini belleýär. Şu Düzgünnama eýeçiliginiň görnüşlerine degişliligine we işiniň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalara, birleşiklere, guramalara we edaralara, harbylaşdyrylan birliklere, telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlara , şol kärhanalarda işleýän, mundan beýläk işgärler diýlip atlandyrylýan ähli raýatlara degişli.

Önümçilikdäki betbagtçylyk hadysalaryny derňemek we hasaba almak derňemek baradaky komissiýa ( iş topary) tarapyndan amala aşyrylýar , toparlaýyn we ölüme sebäp bolan halatlar muňa girmeýär, olar Türkmenistanyň Standartlaşdyrmak, meterologiýa, ýerasty baýlyklary goramak we halk hojalygynda işleri howpsuz alyp barmak baradaky baş döwlet inspeksiýasynyň edaralary tarapyndan ýörite derňemäge degişli. Şunda önümçilikdäki betbagtçylyk hadysalarynyň dogry hem-de wagtynda derňelmegine hasaba alynmagy, betbagtçylyk hadysasynyň sebäplerini aradan aýyrmak boýunça çäreleri görkezmek bilen, namalaryň düzülmegi üçin iş beriji jogapkärçilik çekýär.

Derňemek baradaky iş topary waka bolan pursatdan başlap üç gij-egündiziň dowamynda : betbagtçylyk hadysasy bolan ýeri barlamaly, öz gözi bilen görenleri we betbagtçylyk hadysasyna dahylly adamlary soraşdyrmaly we mümkin boldugyça ejir çekenden düşündirişleri almaly.

Zähmet şertleriniň we önümçilik serişdeleriniň taslama we sanitariýa – tehniki pasportlara laýyk gelmegine, şeyle hem kadalaşdyryg – tehniki resmi kagyzlaryň enjamlary ulanmak baradaky talaplarynyň hem-de zähmeti goramak baradaky kadalaşdyryş namalarynyň berjaý edilişine garamaly ;

Ejir çekeniň şahsy gorag serişdeleri, ýörite geýim we ýörite aýakgap bilen üpjünçiligini, şeýle hem zähmeti goramak boýunça öwretmelleriň geçirilmegini hem-de işiň howpsuz usullarynyň öwredilmegini barlamaly;

Betbagtçylyk hadysasynyň ýagdaýlaryny we sebäplerini anyklamaly, munuň üçin jogapkär adamlary kesgitlemeli, şeýle hem şunuň ýaly halatlaryň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaly.

N 1 nusga boýunça ( N 2 goşundy) namany alty nusgada düzmeli, şol namada betbagtçylyk hadysasy üçin kärhananyň, iş berijiniň, ejir çekeniň ýa-da başga bir ( keseki) adamyň jogapkärçiligini görkezmeli we ( iş berijä) ibermeli.

N 1 nusga boýunça nama arkaly resmileşdirilen ähli betbagtçylyk hadysalary kärhanada ýörite kitapda ( N 3 goşundy) bellige alynýar.

Önümçilikde bolan, işgäriň zähmet çekmek ukybyny bir we has köp günüň ( smenanyň) dowamynda ýitirmegine ýa bolmasa ony bir we has köp gün ( smena) üçin başga bir işe geçirmek zerurlygyna elten betbagtçylyk hadysasy medisina netijenamasyna laýyklykda N 1 nusga boýunça nama arkaly resmilleşdirilýär.

Derňemegiň materiallary boýunça N 1 nusgada zähmeti goramagyň ýolbaşçysyna iberilen nama betbagtçylyk hadysasy hasaba alnan kärhanada 45 ýylyň dowamynda saklamaga degişli. Onuň beýleki edaralara iberilen nusgalary we göçürmeleri olarda bellenilen ähli çäreler amala aşyrylýança azyndan iki ýylyň dowamynda saklanylýar. Kärhana ýapylan halatda N 1 nusgadaky namalar hukuk oruntutaryna bermäge, ol ýok bolsa – mundan beýläk saklamak üçin döwlet arhiwine bermäge degişlidir. Her bir toparlaýyn betbagtçylyk hadysasy hakynda iş beriji bir sagadyň dowamynda:

-Türkmenitanyň Baş döwlet inspeksiýasynyň ýerli edarasyna ;

-ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edarasyna;

-kärdeşleriň pudaklaýyn arkalaşygynyň we kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşiginiň zähmet baradaky tehniki inspektoryna;

-öz kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň guramasyna;

-kärhananyň ýerleşýän ýerindäki prokuratura habar bermäge borçludyr.

Habarnama telefon ( telefaks) boýunça ýa-da başga –bir aragatnaşyk işdesi arkaly N 5 goşunda laýyk ülňü boýunça iberilýär.

 Goçmyradowa Gülruh

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby