Bilim ulgamynyň esasy wezipesi ýaş nesli durmuşa taýýarlamakdyr. Ýurt, sebit we dünýä derejesindäki Döwlet bäsleşiklerine gatnaşmak ýaly zehin-intellektual zähmete girişmek bilen bir hatarda okaýan şahsyýet zähmetiň öz ýaş kesimine mahsus bolan öz-özüňe hyzmat ediş we bejermek-ýasamak ýaly görnüşlerine işjeň gatnaşýar. Zähmet işine çekilýän okaýan şahsyýete hormat bilen utgaşýan talabedijilik olarda bilelikdäki we ekebara häsiýetdäki zähmete, daşdan ýatladylmazdan, öz goşandyny goşmak meýlinde girişmeklik endigini kemala getirmegiň möhüm şertidir. Ösýän şahsyýeti zähmet işine taýýarlamak halkymyzyň geljegi üçin zähmet çekmäge ukyply, ruhubelent we sagdyn, gujurly hem başarjaň adamlary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir raýatyň döredijilikli zähmet çekmäge, islegine görä hünär saýlap almaga, iş ýerini anyklamaga, bitirýän işiniň möçberine we hiline görä hak almaga hukuklydyr. Okaýan ýaşlaryň zähmet terbiýesi, esasan, ýaş nesliň okuw zähmetini dogry guramakdan, onuň düýpli bilim almagyny ýola goýmakdan, şahsyýetde jagapkärçilik duýgusyny, akyl zähmetine bolan ymtylyşlary döretmekden ybaratdyr. Orta bilim berýän mekdeplerde esaslandyrylan okuw kombinatlarynyň ýaşalary hünäre ugrukdyryjy täsiri bilen bir hatarda olarda zähmete höwes, zähmetiň jemgyýetiň baş binýady orny dogrusyndaky hakykaty olaryň dünýägaraýyş ugrukmasyna ornaşdyrmakda orny taýsyzdyr. Mekdepde zähmet okuwy hyzmat ediş, oba hojalyk we tehniki zähmet ugurlary boýunça amala aşyrylyp, bular okaýanlaryň dürli kärlere bolan ymtylyşlaryny ýüze çykarmakda, olary hünärlere gönükdirmekde, işine ezber hünärmen adamlar edip ýetişdirmekde bu okuwlaryň ähmiýeti uludyr. Bu hatarda synpdan daşary geçirilýän dürli terbiýeçilik çäreleri-de aýratyn orna eýedir. Önümçiligiň dürli ugurlaryna guralýan syýahatlar, zähmet ussatlary bilen geçirilýän duşuşyklar, halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklary baradaky söhbetdeşlikler, okuwçylaryň köpçülik bolup amal edýän işleri bilen baglanyşykly çäreler hem beýlekiler zähmete taýýarlyk işiniň täsirli serişdeleridir. Ýurdumyzda indi durnukly ýörelgä öwrülen keminden üç daragt (ikisi ataň-eneň üçin, biri özüň üçin) ýetişdirmek tutumy ösýän şahsyýetde zähmetsöýerligi kemala getirmegiň iň bir täsirli usulydyr. Hormatly Prezidentimiz zähmet işini, bir tarapdan adam üçin şahsy ähmiýetli, ikinji tarapdan bolsa, tutuş jemgyýet üçin netijeli guramaklyga uly üns berýär. Ol ýurduň her bir raýatynyň zähmet adamsynyň iş erjelligine, ukybyna dogry baha berilmezliginiň ýa-da ýerine ýetirilýän işleriň düýbünden tapawutlydygyna garamazdan, olara deň baha berilmeginiň, ýitgi çekmekde işlerini guraýan bölümleri maliýeleşdirmegiň zähmet öndürijiliginiň ösmegine getirmeýändigine, gaýtam ösüşe aýakbagy bolýandygyna dogry düşünmegini gazanmaklygy talap edýär. Üstesine-de zähmet adamsy işini diňe tabşyrylanyny ýerine ýetirmek görnüşinde däl-de öz iş topary, uly sosial topary (ýaş nesil topary), etniki topary ornundan bitirýän zadyna “özümiňki” diýen duýgudan çemeleşmelidir. Bu babatda ýörite geçirilen bir sosiologik derňewiň netijesini getirmek ýerliklidir. Derňew ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň zawodlarynda geçirilip, onuň netijesinde amerikan zawodlarynyň işgärleriniň diňe 10-12 göterimi kärhananyň umumy müşgüllikleri barada pikir edýän bolsa, Ýaponiýaly işgärleriň 60-65 göteriminiň öz zawodynyň pikir-aladasy bilen ýaşaýandygy anyklanýar. Derňewleriň netijesi işçi üçin iş ýeriniň onuň “Meniňki”, “Biziňki” duýgusynyň mazmunynda bolmagynyň onuň zähmet öndürijiliginiň esasy şerti bolýanlygyny anyklapdyr.
Gylyçdurdyýew Eziz
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Ýapon dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby