Tebigatyň hemişe sazlaşykly dowam etmegi üçin adam ony oýlanyşykly, aýawly we akylly-başly peýdalanmalydyr. Sebäbi tebigatda tötänleýin zat ýok, onuň ähli komponentleri biri-biri bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýä ýüzündäki ekologiki dartgynlylyk daş töwerekdäki gurşawyň ýagdaýyny her günleriň we hemme taraplaýyn analizini talap edýär. Diňe laýyk mukdar analizlerine esaslanyp geçirilmeli çäreler barada çözgütleri kabul etmek bolar. Ol çäreler daş töwerekdäki gurşawyň ýagdaýynyň erbetleşmegini togtatmalydyr we daş töwerekdäki gurşawyň hemme taraplaýyň analizi ekologiki ýagdaýyň bahasyna we oňa edilýän tebigy we antropogen täsirlere seredýär.
Biosferanyň ýagdaýynyň tebigy we antropogen täsirleri bilen üýtgeýänligi bellidir. Emma olaryň arasynda uly tapawut bar. Tebigy üýtgeşmelerden antropogen üýtgeşmeleri tapawutlandyrmak ýa-da bölüp aýyrmak üçin adamzadyň işjeňlegi netijesinde biosferanyň ýagdaýynyň üýtgemegine gözegçilik edýän ýörite gurama döretmek zerurlygy ýüze çykýär. Giňişlik we wagt boýunça öňden düzülen maksatnama görä kesgitli maksady bolan daş töwerekdäki gurşawyň bir ýa-da birnäçe böleklerine gözegçilik edýän ulgama ekologiki monitoring diýilýär.
Ekologiki monitoringiň maksady antropogen täsir bilen ýüze çykan biosferanyň ýagdaýynyň üýtgeşmesini ölçemek, bahalandyrmak we maglumat bermek hem-de bu üýtgeşmeleri janly-jandarlaryň jogap reaksiýasyny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Ekologiki monitoringiň esasy meseleleri: antropogen täsirlerine we çeşmelerine gözegçilik etmek; antropogen täsiriň faktorlaryna syn etmek; tebigy gurşawyň ýagdaýyna we onda bolup geçýän antropogen täsirine syn etmek; antropogen täsiriň faktorlarynyň netijesinde tebigy gurşawyň ýagdaýynyň üýtgemesine maglumat berilýän ýagdaýyny bahalandyrmak.
Monitoring köp maksatly habar beriş ulgamy bolup durýar; tebigy, antropogen ýa-da tebigy – antropogen ekoulgamlar onuň obýektleri bolup bilerler. Monitoring öz içine şu aşakdaky ugurlary alýar:
– Tebigy gurşawyň ýagdaýyna we oňa täsir edýän faktorlara gözegçilik etmek.
– Töwerekdäki gurşawyň hakyky ýagdaýyna we olaryň hapalanmak derejesine baha bermek.
– Mümkin bolan hapalanmagyň netijesinde daşky gurşawyň ýagdaýyna maglumat bermek we bu ýagdaýa baha bermek.
Monitoringiň netijesinde alnan maglumatlar tebigaty goramagyň, gurşawy gorap saklamagyň, adamlaryň saglygyny goramak hem-de amatsyz ekologiki ýagdaýlaryň ýüze çykmak ähtimallygyny ýok etmek ýa-da azaltmak üçin peýdalanylýar. Töwerekdäki tebigy gurşawyň obýektleriniň ýagdaýyna gözegçilik etmegiň toplumlaýyn ulgamy. Bu ulgam obýektleriň hapalamagynyň hakyky derejesine baha bermek, adamyň we beýleki janly organizmleriň saglygyna zyýansyz ýagdaýlaryny ýüze çykarmak üçin ulanylýar. Töwerekdäki gurşawyň toplumlaýyn ekologiki monitoringi geçirilende adamyň we biologiki obýektleriň ýaşaýan gurşawyndaky ekologiki ýagdaýyny hemişelik bahalandyrmak üçin geçirilýär.
Ataýewa Aýgül
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Koreý dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby