Dürli derejede täsir edijileriň ekologiki monitoringi. Howanyň aýdyň görkezijiligi (durulygy, howada näçe aralykdan aýdyň görünýänligine) ýörite optika gurallaryň kömegi bilen kesgitlenýär. Geçirilen gözegçilikleriň maglumatlary sanlaryň üsti bilen kodlanan (belgilenen) şekile geçirilip, aragatnaşygyň dürli serişdeleri arkaly iberilýär.Bu ölçegleriň geçirilip duran şol bir wagtyň özünde, edil Şol bir gurallar we şol bir halkara kodlary ulanyp ,şol bir işi Demirgazyk polýusyň golaýyndaky Ýurikadan (Kanada) başlap , tä Antraktida çenli aralykda 10 müň sany beýleki gözegçiler , ähli ýurtlarda we dünýäniň deňizlerinde ýüzýän ähli gämilerinde geçirilýär. Gözegçilikler gije- gündiziň dowamynda 3 ýada 6 sagatdan geçirilýär. Bu hili bir wagtyň özünde geçirilýän gözegçilikler howanyň bütin dünýä gullugynyň esasydyr. Ol meteorologia çaklamalaryny düzmek bilen öňünden duýdurýar. Bu bolsa bütin dünýäniň klimaty baradaky bilimleriň üstüni ýetirmek üçin gerekdir.
Siz nähili pikir edýärsiňiz, Ýeriň ýüzünde “howa ýagdaýynyň aşhanasy” barmyka?
Ýeriň üstünde “howa ýagdaýynyň aşhanasy”düşeýan üst diýlip atlandyrylýan, okeanlaryň we gury yer bölekleriniň üsti bilen özara täsirde bolan ýeriň atmosferasynyň ählisidir.
Soňky döwürde dünýä okeanyny “howa ýagdaýynyň așhanasy” diýip atlandyrmak meýli bar. Ol biziň saýýarymyzyň 3 bölegini eýeleyändigi sebäpli bu ady götermäge beýleki dalaş edýänlere.garanyňda, onuň hukugy köp bolsa gerek.
Ýer togalagynyň howanyň ýagdaýy atmosferanyň umumy aýlanyşygynyň täsiri astynda döreýär.Bu bolsa güniň ýylysy bilen gury ýeriň we deňziň dürli guşaklyklarynyň astyndan gyradeň gyzmaýandygy zerarly döreýär. AUA – nyň bolup geçişiniň içki mehanizmi örän çylşyrymly we onuň döredýän howa ýagdaýlary geň galaýmaly derejede bir-birinden tapawutly, ýöne olaryň özgermeleriniň kanunalaýyklyklary bolsa heniz doly derejede mälim edilenok.
Ekwatoryň golaýynda Ýeriň üstüne gelýän Günüň şöhlelenmesi Ýerden gidýäninden köp we okeanlaryň tropiki zolagyny hem olaryň üstünde ýerleşýän atmosferany gyzdyrýar. Şonuň ýaly-da onuň tersine bolup geçýän hadysa bar: polýar sebitlerde, ýagny Ýerden gidýän şöhlelenmäniň Günden gelýän energiýanyň artyk bolan ýerlerinde, energiýa ýitirilýär. Gyzmaklygyň we sowamaklygyň beýle birmeňzeş bolup geçmezligi, atmosferanyň we okeanlaryň atmosferany has endigan ýaýratmaga ymtylýandygy sebäpli, howanyň we suwuň uly möçberdäki dikligine (wertikal) hem keseligine (gorizontal) süýşmegine getirýär. Bu atmosfera we okean akymlary öz gezeginde Ýeriň aýlanmagynyň, gury ýer bölekleriniň (kontinentler) bölünişine hem-de Ýeriň üstüniň bitekizligine (topografiýa) sezewar bolýar. Hakykatda, atmosfera we okeanlar energiýany toplaýan hem-de ýaýradýan äpet ýylylyk maşyny hökmünde bilelikde hereket edýärler.
Dünýä okeanynyň ýylylyk sygymlylygyndan, takmynan, müň esse köpdür. Ýylyň maýyl döwründe okean ýylylygyň örän köp mukdaryny toplaýar, sowuk döwründe bolsa ony atmosfera berýär. Ýylylygy saklaýan äpet uly gap bolup, okeanlar kenarýaka we deňiz klimatyny ýumşadýarlar. Golfstrim ýaly uly akymlar okeanlaryň ýylylygyny günorta giňişliklerden demirgazyk giňişliklere geçirýärler.
Okeanyň üstüniň temperaturasy bilen birnäçe aýdan soň döreýän klimatik şertleriň arasynda aragatnaşyklaryň bardygy kesgitlenildi. Bu aragatnaşyklaryň has meşhur mysaly bolup, EL – Ninýo / günorta yrgyldysy (ENSO) diýlen hadysa hyzmat edýär.
Bu hadysa ilkinji gezek “El – Ninýo” (bäbejik Isa)adyny, käbir ýyllarda Isanyň dogulmagynyň baýramçylygynyň öň ýanynda, olary kenarynyň golaýynda tutulyşynyň birden azalmagyna getirýän, adaty bolmadyk ýyly suwlaryň peýda bolmagyny suratlandyrmak üçin, Peruda ýaşaýan balykçylar tarapyndan dakylypdyr. Köplenç, gurakçylyk, suw joşgunlary we süýşgünler, hasylsyzlyklar, mallaryň gyrylmagy we balyk tutulyşynyň birden pese düşmegi bir-birine kybapdaş tebigy betbagtçylyklar hem-de klimatyň Ýer togalagy boýunça adaty bolmadyk üýtgemeler EL – Ninýo hadysasy bilen baglanyşdyrylýandygy şu günlerde eýýäm mälimdir.
Haýdarow Elhan
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika institutynyň Maglumat Tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň Kompýuter ulgamlaryň programma üpjünçilikleri hünäriniň 1-nji ýyl talyby