Häzirki döwürde döwrebaplaşmaklygy köptaraply hyzmatdaşlyksyz göz öňüne getirip bolmaýar. Türkmen döwleti bu işi özüniň bitaraplyk syýasatynyň üsti bilen amal edýär.
Ýurtda geçýän özgerişleriň maksady jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyny döwrebap derejä galdyrmaklykda bolýar. Şu hem döwrebaplaşmaklygyň manymazmuny kesgitleýär. Onuň üçin täze döwrüň öňe çykaran derwaýyslyklaryndan ugur alyp, ýurduň ykdysadyýetini, medeniýetini, adamlaryň durmuş-hal ýagdaýyny dünýä derejesine çykarmaklyk üçin täze gymmatlyklary işläp düzmekligi başarmaklyk gerek. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaklyga ugrukdurylan bu mukaddes işiň netijeliligi ýurduň içerki tagallalary bilen bir hatarda daşarky mümkinçilikleri ulanmaklygyna hem bagly bolýar. Olar degerli ulanylmadyk ýagdaýynda öňde duran meseleleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda çözmek örän kyn bolar. Ine, şonuň üçin hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy dünýä tejribesini çynlakaý öwrenmekligiň, seljermekligiň we praktika ornaşdyrmaklygyň möhümligini belleýär. Çünki häzirki döwürde täze tehnologiki ösüşe eýe bolan ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga girmekligiň gerekligi döwrüň talaby bolýar. Ýurdumyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda ol aýdyň ýüze çykýar. Ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş durmuşynda öňe sürülen köp sanly, giň göwrümli taslamalar üçin ylmy özüne siňdiren tehnologiýalar, işi ýöretmegiň netijeli usullary, maýa goýumlar gerek.
Häzir Türkmenistanda Türkiýäniň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Malaýzyýanyň, Eýranyň we beýleki köp sanly döwletleriň gurluşyk firmalary hem-de kompaniýalary işleýärler. Olaryň netijesinde ýurdumyzyň maddy-tehniki binýady berkär. Çünki döwrebaplaşmaklyk ýoluna düşen türkmen döwleti üçin ýokary tilsimatly gymmatlyklary netijeli özleşdirýän we bu ugurda üstünlikleri gazanan ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga girmek ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň Günorta Koreýa bilen täze tehnologiýalary özleşdirmeklik ugrunda hyzmatdaşlygy oňa mysal bolup biler. “Hongan derýasyndaky gudrat” diýen ada eýe bolan Koreýanyň tejribesi öwrenere we mysal alara mynasypdyr. Ýokary tilsimatly we milletiň intelektual potensialyna daýanýan koreý modeli ylymy we bilimi ösdürmäge hem-de ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň möhüm faktory hökmünde ýokary derejede ösen intelektual jemgyýeti döretmäge çalyşýan Türkmenistan üçin örän peýdalydyr.
Türkmen jemgyýetiniň döwrebaplaşmagy onuň taryhynda bolup geçýän iň bir çuňňur we düýpli sosial özgerme bolup çykyş edýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlanan bu özgeriş täze Galkynyş eýýamynda täze görnüşe we hile eýe boldy. Bu özgeriş ähli ugurlarda täzelikleri gazanmaga esaslar döredýär. Oňa dünýä jemgyýetçiligi uly baha berýär.
Arzymedowa Güljahan
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetinin Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti taýýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby