Tebigat-köpsanly deňagramly arabaglanşyklaryň bütewi ulgamydyr. Şol arabaglanşyklaryň islendik birinde bolup geçýän özgerişlikleriň täsiri tutuşlygyna tebigatda maddalaryň we energiýanyň aýlanşygynyň bozulmagyna getirip biler. Tebigy gurşawyň esasy düzüjileriniň biri bolan atmosfera howasy adamyň ýaşamagynyň iň wajyp şertidir. Sebäbi adam howasyz 5 minutdan köp ýaşap bilmeýär. Asuda ýagdaýda adam ortaça sutkada 15 kg. howa sarp edýär. Senagatyň güýçli depginler bilen ösmegi atmosfera howasynyň onyň zyňyndylary bilen hapalanmagyna getirýär. Hasaplamalara görä häzirki döwürde her ýylda atmosfera howasyna 250 mln. tonna töweregi tozan, 200 mln. tonna uglerodyň oksidi, 150 mln. tonna kükürt dioksidi, 50 mln. tonna azot oksidleri, 50 mln. tonna dürli uglewodorodlar we 20 mlrd. tonna kömürturşy gazy zyňylýar. Bu zyňyndylaryň esasy bölegi energetika, himiýa, maşyn gurluşyk senagatlaryna we transporta degişlidir.
Atmosfera howasynyň hapalanmagy adamyň organizmne, haýwanat we ösümlik dünýäsine, mikroorganizmlere uly zyýan ýetirilýär, biogferada global üýtgemeleriň ýüze çykmagyna, ykdysady zyýanyň emele gelmegine getirýär. Köpsanly barlaglaryň netijesinde howa gurşawynyň ýokary derejelerde hapalanan senagat merkezlerinde kesellemeleriň, esasanda uly ýaşly adamlaryň we çagalaryň arasynda howply keselleriň has köp ýüze çykýandygy subut edildi. Atmosferanyň hapalanmagy zerarly howanyň tozanlylygy artýar, erbet yslar peýda bolýar, gözýetim peselýär. Adam saglygyna, ekosistemalaryň kadaly hereket etmegine uly zyýan ýetirilýär.
Adam üçin howadaky kanserogen maddalaryň täsiri hasda howplydyr. Ol maddalar ýangyjyň doly ýanmazlygynda sinteziň netijesinde emele gelýärler. Kanserogen maddalaryň esasy çeşmeleri hökmünde awtoulaglaryň, awiasiýanyň zyňýan gazlaryny, gaty we suwuk ýangyjy ýakmagyň zyňyndylaryny, nebiti gaýtadan işlemek proseslerini görkezmek bolar. Atmosfera howasy arkaly radioaktiw hapalaýjylar (rentgen we gamma şöhleleri) hem ýaýrap janly organizmler üçin howplary ýüze çykarýarlar. Stronsiniň täsirinde bolsa rak keselleri, akganlylyk we beýlekiler ýüze çykýar. Kislorodyň mukdary her ýylda 10 mld. tonna azalýar. Onuň azalmagy esasan ýangyjyň aşa köp ýakylmagynyň netijesinde bolup geçýär.
Kükürtli birleşmeler hem köp howply meseleleri ýüze çykarýarlar. Ýagny ösümlikleriň öýjüklerini ölmegine getirýär. Adamlarda gastrit, bronhit, laringit ýaly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Senagatyň we transportyň atmosfera zyňylýan tozanlary.hem adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýär. Ownuk bölejikler dem alyş ýollaryna düşüp olary gyjyndyrýarlar, öýken keselleriniň ýüze çykmagyna getirýärler. Düzüminde zäherleýji maddalary (myşak, simap, gurşun) saklaýan tozanlar adamyň zäherlenmegine sebäp bolýarlar. Atmosfera zyňylýan agyr metallar adamlarda rak keselleriniň ýüze çykmagyna getirýärler.
Hapalanan howanyň halk hojalygyna, oba hojalygyna edýän zyýanly täsirleri köp mukdardaky ykdysady ýitgileriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Metal gurluşlaryň, jaýlaryň.üçekleriniň, daşky görnüşleriniň wagtyndan öň zaýalanmagy muňa mysaldyr. Käbir birleşmeler atmosferadaky suw buglary bilen birleşip kislota ýagyşlaryna öwrülýärler. Bu bolsa suwlaryň hapalanmagyna, ýerleriň zaýalanmagyna, jaýlaryň, desgalaryň zaýalanmagyna getirýär. Kükürdüň, azodyň we uglerodyň oksidleriniň howadaky ýokary konsentrasiýalary metallaryň poslamak, gurluşyk materiallarynyň dargamak proseslerini çaltlaşdyrýar. Şäherlerde ýaşaýyş jaýlary, medeni sungat obýektleri, açyk howada ýerleşýän binagärlik we sungat ýadygärlikleri hem şeýle zyýanly täsirlere sezewar bolýarlar.
Desýarowa Maýsa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby