Ýyladyşhananyň üstüne gar ýagmagy bilen emele gelýän ýüklenmeler çynlakaý güýç täsirleri bolup, oňa öňünden takyk baha berip bolmaýar. Garyň aşa köp ýagmagy bilen ýyladyşhananyň konstruktiw gurluşynyň karkaslarynyň durnuksyzlygyna getirip biler. Gar örtüginiň mukdary gurluşyk etrabynyň sebidiniň meterologiki häsýetnamasyna bagly bolup, üçegiň taslanylyşyna, gurluşygyna-da baglydyr. Çylşyrymly şekilli üçekler bolsa, çukurlarda “gar haltalary” ýygnanýar we gurluşyň deň däl ýüklenmegine sebäp bolýar. Mundan başga-da, köpden bäri dowam edip gelýän “gar haltalary” gysylýar, bu hem gardan ýüküň köpelmegine sebäp bolup üçegiň hatardan çykmagyna alyp barýar.
Öňki SSSR-de gar ýükleri üçin kadalaşdyrylan SNiP 2.01.07-85 bilen hasaplamalar geçirilýär. Gowy öwrenilmedik we daglyk ýerlerde, kyn ýerleri bolan ýerlerde gar örtüginiň agramy gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna esaslanmalydyr we ýyladyşhanany takyk hasaplama esasynda taslamalydyr. Bu ugurlaryň hasaplamalary gurluşyk etrabynyň meterologiki häsýetnamalarynyň sanawy kadalarda berilýär.
Ýyladyşhananyň desgalaryna ýelden gelýän ýükleriň täsirleri. Tupan şemallaryň güýjüniň uly görnüşde emele gelmegi birnäçe inženerçilik gurluşlarynyň konstruksiýalaryň we aragatnaşyk ulgamlarynyň köp sanlysynyň hatardan.çykmagyna getirip biler.
Ýeliň täsirinden gelýän ýükler keseligine bolmagy olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Täze, has çydamly materiallara geçmek binalaryň we desgalaryň massasynyň azalmagyna sebäp boldy we bu ýel ýüklerini duýmak meselesini öňe sürdi. Belent binalara, diňlere, diň kranlaryna ýel täsiri has howpludyr. Ýerden näçe beýikde ýerleşen desgalara ýeliň tizliginiň täsiri şonçada köp täsir edýändir.
Binalar we desgalar çylşyrymly geometrik şekilleriň konstruktiw gurluşlarydyr we şonuň üçin birnäçe aerodinamiki täsirleri döredýär. Şeýlelik bilen, binany parallelepiped görnüşinde göz öňünde tutsak, howa akymy daş tarapdan.aýlanýar. Takmynan 80% ýel öň tarapdan bolýar, tersine ýeliň bolýan tarapynyň garşy tarapynda 60% töweregi ýel sorulmasy bolýar şoňa görä onuň taslamasyny ýerine ýetirmeklik zerurdyr.
Iki taraplaýyn eňňitli üçek örtügi ep-esli ýel basyşyny üstünden geçirýär we seýrek duş gelmegi sebäpli ýüze çykýan ýeliň dykyzlygynyň gowuşamaklygy bolup geçýär, şonuň üçin üçegiň ýokary eňňidi bolşy ýaly ýokary galýar Ýeňil konstruktiw gurluşlar we üçekler bolsa, üçegiň görnüşiniň durnuklylygyny saklamaklygy talap edýänligi sebäpli göteriji ganat durnukly ýagdaýda bolup biler, haçanda kä wagt bolmaly agramyndan ýokary bolanda göteriji güýç ýüze çykýar.
Egerde ýyladyşhana uly göwrümli bolsa we ýeliň tizliginiň dinamiki gaýtalanmasy köp bolsa, (inertial) güýçleri tolgundyryp bilmeýän bolsa, ýel basyşyny statiki ýük hökmünde kabul etmäge rugsat berilýär. Şeýle-de bolsa, beýik konstruktiw gurluşlarda durnuklylygy saklamaklyk zerurdyr.
Ýelden gelýän ýüküniň aerodinamiki aýratynlyklaryna we ýyladyşhananyň konstruktiw gurluşlaryna täsiriniň tebigatyna ýeterlik derejede hasaplamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmezligi garaşylmadyk ýagdaýlaryň netijesinde kadaly ulanyşa ýaramsyz bolmagy mümkin.
Ýyladyşhanalarda ýeldel gelýän ýüküniň paýlanyşyny hil taýdan seljermek üçin ýel tunellerindäki modellerde aerodinamiki synaglar geçirilýär, şeýle hem desgalaryň tebigy şertlerde synlary geçirilýär. Ýyladyşhana modeller diňe bir gurluşyň daşarky görnüşlerini mümkin bolan dolulyk bilen gaýtalamaly däl, eýsem konstruksiýalarynyň berkligi we massalaryň tebigatyň täsirlerine durnuklylygy bilen deň paýlanyşyna eýe bolmalydyr. Öňki SSSR-e girýän döwletlerde ýel ýükleri SNIP 2.01.07-85 bilen kadalaşdyrylýar.
Joraýew Hekim
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby