Türkmenistanyň milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalanmagyna ýardam berýän kämil bilim ulgamyny döretmegi, adam kapitalynyň hil häsiýetlerini ýokarlandyrmagy, milli ykdysadyýetiň hemme pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmegi, ösüp gelýän ýaş nesliň bilim hem ruhy taýdan döwrüň talabyna laýyk gelmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Talyplyk döwri ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hem mümkinçilikleriniň ýokary bolan döwüri hasaplanylýar. Şu nukdaý nazardan, ýurdumyzyň ähli derejedäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda bedenterbiýä we sporta uly uns berilýär. Ähli okuw mekdeplerinde ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň maddy mümkinçilikler döredilendir. Şeýle hem, sportyň dürli görnüşlerinden talyp ýaşlaryň arasynda ýaryşlar yzygiderli geçirilip durulýar. Halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýanlaryň aglabasynyň talyp ýaşlardygy bu ugurdaky işleriň netijeliligini alamatlandyrýar.

Belkide meniň durmuşymda iň ajaýyp wakalara beslenen döwür bolsa gerek. Talyplyk döwri şeýle bir gyzykly geçýär ony sözde aýdyp beýan eder ýaly däl. Biz öz kursdaşlarymyz bilen şeýle bir agzybir welin belkide beýleki hünärler bizi gawanýan bolsa gerek. Meniň kursdaşlarymyň içinne iň bir oňat oglanlaryň biri Saparlyýew Didar. Didar hiçkimiň ýüzünnen geçip bilmeýär, hemmeler bilen gowy gatnaşykda bolýar, adamlaryň ugruny tapýar. Talyplyk döwri adamyň durmuşynda iň bir ýatdan çykmajak pursatlaryň biridir.

 Sazakow Amangeldi

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyň 4-nji ýyl talyby