Ýurduň tebigy şertleri we uly möçberli ýer-suw baýlyklary oba hojalygyny ösdürmäge hem munuň netijesinde, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürmäge, olary döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalarda gaýtadan işlemäge hem-de dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, agrosenagat toplumy diňe ýurduň içerki bazarlaryny azyk harytlary bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, ýurduň eksport potensialyna hem uly goşant goşýan önümçilikykdysady ulgama öwrüler.
Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde gurluşygy we gurluşyk materiallary senagatyny düýpgöter ösdürmek wajyp ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde Türkmenistanda düýpli gurluşyk giň gerimler bilen alnyp baryldy. Şu nukdaýnazardan, ýurtda dünýä standartlaryna laýyk gelýän gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalaryny döretmek we ýokary hilli düýpli gurluşygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanda giň möçberli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň amala aşyrylmagy, gurluşyk klasterleriň döremeklerine örän uly mümkinçilikleri açýar.
Ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň beýleki bir ugry himiýa we nebitgaz himiýasy ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistan bu ugurda önümçilikleri giň gerimde gumamak we olarda öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksport etmek üçin zerur bolan mineral-çig mal hem uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hataryna girýär.
Alp Arslan ATAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby