Güýzlük çowdaryny ösdürip ýetişdirmek esasan güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin amatly, ýaramly şertleriň bolmadyk sebitlerinde örän ähmiýetlidir. Çowdary çöregi özüniň düzüminde doly bahaly beloklary we witaminleri saklaýar. Özleşdirilişi bugdaý çöreginden pes bolsa-da onuň kaloriýalylygy we tagamy gowudyr.

Çowdarynyň ot-iýmlik möhüm ähmiýeti bolup, dänesi, ýarmasy mallar üçin örän ýokumly we gymmatly ot-iým hasaplanýar. Çowdarynyň 1 kilogram iýmit birligine, samany – 0,21 iýmit birligine deň bolýar. Samany mallar üçin diňe bir ot-iým bolman, eýsem olara çyg siňdiriji düşek bolup hem hyzmat edýär. Güýzlük çowdary mallar üçin göklügine, ter ýaşyl ot görnüşinde-de ulanylýar. Ir ýazda ol güýçli ösýär. Ony güýzlük dälije mäş (wika) bilen garyşdyryp ekende beloga baý ot-iými üpjün edýär. Dälijemäş kösükli ekin bolany üçin topragy atmosfera azody bilen hem baýlaşdyrýar. Biziň ýurdumyzda mallary doly bahaly gök ot-iým bilen ir ýazda üpjün etmek üçin güýzlük çowdaryny we güýzlük dälijemäşi garyşdyryp bilelikde ekmek maslahat berilýär. Bu usulyň önümçilige ornaşdyrylmagy maldarçylygy ýokumly ot-iým bilen üpjün etmekde hem-de topragy azot bilen baýlaşdyryp gurplandyrmakda ähmiýeti uludyr. Güýzlük çowdary güýçli şahalanýar we çalt ösýär. Şonuň üçin-de haşal otlaryň ösmeginiň önüni alýar. Şeýle-de ol köp ekinler üçin ekinöňi bolup hyzmat edýär.

Un kärhanalarynda çowdarynyň 3 görnüşli uny taýýarlanýar: 95 göterimli gabykly, 87 göterimli gabygy aýrylan we 63 göterimli elenen. Çowdary dänesi beloga baý bolýar. Ortaça çowdary dänesinde belogyň saklanyşy 13 göterim. Dürli sebitlerde bolsa belogyň saklanyşy 9 göterimden 18,5 göterime çenli üýtgeýär. Bugdaý dänesiniň düzümi bilen deňeşdirilende çowdary dänesinde albuminleriň we globinleriň saklanyşy ýokary bolup, aminokislota düzümi has sazlaşykly we deňagramlaşan ýagdaýda bolýar.

 Siroç NARBEKOW

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby