Kiwi mundan 100 ýyl öň medeni görnüşde ösdürilip başlanypdyr. Şol sebäpden hem ony iň ýaş miwe diýip atlandyrmak bolar. Täze Zellandiýaly seçgiçi alym A. Elison şu tüýli miwäniň tohumyny Hytaýdan getirýär we 30 ýylyň dowamynda medenileşdirýär, kämilleşdirýär. Netijede täze özboluşly miwe emele gelýär. Onuň ady hakynda durup geçsek, Täze Zellandiýada uçup bilmeýän guş görnüşi – kiwi adyndan gelip çykan. Sebäbi miwäniň daşky tüýjümek görnüşi şu guşa juda meňzeş. Şeýlelik-de bu miwe geçen asyryň 30 -njy ýyllarynda dünýä bazaryna satuwa çykýar.

Miwäniň düzümi.

Miwäniň düzümi A, B1, B2, B6, B9, E, C, PP witaminlere we köpläp mikro, makro elementlere baýdyr. Şonuň üçin hem ol organizme peýdaly hasaplanýar. Kiwi miwesi onkologik, ýürek-gan-damar kesellerini bejermekde ulanylýar.

Peýdaly häsiýetleri.

Gadymy hytaý tebipçiliginde ýabany kiwi miwesinden iýmit siňdiriş ulgamyny sazlamakda we nerw ulgamlarynyň kesellerine peýdalanypdyrlar. Nahar iýmezden öň 1-2 sany kiwi iýilse gandaky holestriniň mukdary azalýar.

Kiwi miwesi kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Miwe derini gowy arassalap, peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kiwi beýleki ähli miweler ýaly peýdalanylyp, ondan tort, pirok başgada köp görnüşli süýjülikler taýýarlanylýar. Hat-da Italiýada bu miweden pitsa hem taýýarlanýar eken. Şeýle-de kiwiden salatlar, işdäaçarlar taýýarlamakda hem peýdalanmak bolar.

          Söhbet SETDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby