«Gigiýena» sözi grek dilinden türkmen diline terjime edilende «ýokumly, saglyk berýän, saglyk getirýän» diýmegi aňladýar.

Adamlar gadymy döwürlerden bäri gigiýenanyň talaplaryny berjaý edip gelipdirler. Häzirki wagtda gigiýenany dogry ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Arassaçylygyň we şahsy gigiýenanyň adam ömrüniň dowamynda dogry ýerine ýetirilmegi zerurdyr. Gigiýenany birnäçe topara bölmek bolýar: şahsy gigiýena, ýaşaýyş jaýynyň gigiýenasy, egin-eşik, aýakgap, naharlanmak, zähmet we köpçülikleýin gigiýenalary.

Şahsy gigiýena birnäçe talaplar degişlidir. Ol adamyň zähmete bolan ukybyny artdyrýar, rahat we uzak ömür sürmegini üpjün edýär, dürli kesellerden goraýar. Şahsy gigiýenanyň talaplary dogry ýerine ýetirilende adam hemmetaraplaýyn sagdyn bolýar. Mikroblardan goranmak üçin adam öz tenini arassa saklamaly. Teniň arassalygy, esasan, egin-eşige, aýakgaba, ýorgan-düşege baglydyr. Olar adamyň tenini daşky zyýanly närselerden we şikes ýetmeginden gorap saklaýar. Deri adamyny mikroblardan we wiruslardan goraýan gatlakdyr. Adamyň derisi örän arassa saklanmalydyr. Derini arassa saklamak üçin adam gündelik suw akydynyp durmaly. Şonda mikroblar tene ýelmeşmeýär we ýaramaz täsirini ýetirmeýär. Teniňe dogry ideg etmeseň, mikroblar ýaşamagyny dowam edýär we dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Esasy bellemeli zat, adamda eller çalt hapalanýar. Hapa ellerden iýýän iýmitimize kesel dörediji mikroblar geçýär, soňra olar adamyň aşgazanyna düşüp, birnäçe keselleriň döremegine sebäp bolýar. Hapaçylykdan dörän keseller bolsa ýokanç keseller hasaplanýar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin günüň dowamynda birnäçe gezek elleri ýuwmalydyr. Elleriňizi arassa saklap bilseňiz, özüňizi ýokanç kesellerden goradygyňyz bolar.

Kesel dörediji mikroblar hemme ýerde ýaşap bilýärler. Olar örän çalt köpelip, adamdan-adama salamlaşmak, üsgürmek, gapynyň tutawajy arkaly we şuňa meňzeş ýagdaýlarda ýokuşyp bilýärler. Adam elini ýuwman, agzyny, gözüni elleýär ýa-da naharlanýar. Şeýle ýagdaýlarda mikrob düşüp bilýär we ýaşamaga başlaýar. Bu kesellere «hapa elleriň» keseli diýilýär. Bu ýokançly wirus daş-töweregiňe-de ýaýrap bilýär.

Aýbölek ÝUSUPOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň Oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit kafedrasynyň mugallymy.