Dünýäde 250 000-e golaý gül ösümlikleri mälim bolup, olar ýer ýüzünde giňden ýaýrandyr. Güller morfologik, biologik we hojalyk aýratynlyklary boýunça özara tapawutlanýar.
Ýaşaýyş dowamlylygy boýunça gül ösümlikleri birýyllyk, ikiýyllyk, köpýyllyk, gyrymsy agaç, agaç we ýapyk meýdan ösümlikleri, çalt ýetişdirilýän ösümlikler hem-de mydama ýaşyl öwüsýän ösümliklerden durýar.
– bir ýyllyk ösümliklere hytaý astrasy, aterrinum, agietum, balzamin, mahmaljyk, begoniýa, gwozdika, kosmeýa, lewkoý, petuniýa, salwiýa, floks, hoşamaý ysly nohut, amarant degişlidir;
– iki ýyllyk ösümliklere fialka, türk gwozdikasy, jaňjagaz (kolokolçik), margaritka, nezabudka, getekroza malwasy degişlidir;
– köp ýyllyk ösümliklere astelba, alp astrasy, gaýllardiýa, gipsofilla, altyn şar, iris, landyş, lýupin, pion, primula, sparža, çigildem, nargis, liliýa, şafran, georgina, gladiolus, kanna, bägül, şipownik (itburun), siren, degişlidir;
– ýapyk meýdan ösümliklerine gortenziýa, gliotrop, geran, glaksaniýa, fuksiýa, primula, siklamen degişli;
– çalt ýetişdirilýän ösümliklere amarillis, magnoliýa, azaliýa, kameliýa, rododendron degişli;
– mydam ýaşyl öwüsýän ösümliklere araliýa, begoniýa, palma, fikus, felodendron, limon, apelsin, beresklet, tuýa, asparagus, jaňjagaz
degişlidir.
Atamyrat GURDOW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby